BMG-nyň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň Hyrat şäherindäki wekilhanasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltnmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 15-nji maýynda Baş konsullygyň binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň (UNAMA) Hyrat şäherindäki wekilhanasynyň ýolbaşçysy hanym Tomoko Kutoba bilen Türkmenistanyň Owganystanyň Hyrat şäherindäki Baş konsuly Batyr Ýolowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini, hususan-da Türkmenistanyň we BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp geçdiler.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Hökümetiniň TOPH gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçiriji we optiki süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygynyň ilerledilmegi, demirýol gatnawlarynyň ýygjamlaşdyrylmagy boýunça durmuşa geçirýän möhüm hereketlerini bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga we täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar.