GRUZIÝA TÜRKMEN HALKYNY TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGY, ŞEÝLE HEM TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASYNYŇ WE TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET BAÝDAGYNYŇ GÜNI MYNASYBETLI GUTLADY

photo

2020-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna, şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlap Tbilisi şäher häkimligi Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde Tbilisi teleýaýlym binasyny Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňkleri bilen şöhlelendirdi.

Bu ýene bir gezek iki ýurduň arasyndaky däbe öwrülen dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň, şeýle hem Türkmen halkyna çuňňur hormatynyň nyşanyny görkezdi.

/ 2020-nji ýyl - TürkmenistanBitaraplygyň mekany /