TÜRKMENISTANYŇ FRANSIÝADAKY ILÇIHANASY MARGIANADA GEÇIRILEN SOŇKY YLMY AÇYŞLAR BOÝUNÇA HALKARA MASLAHAT GURNADY

2020-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihanasy "MAFTUR" türkmen-fransuz arheologiki missiýasy bilen bilelikde gadymy Margianadaky soňky ylmy açyşlar boýunça halkara onlaýn seminar gurnady.
Ilçihana bu çäräni ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 25-ýyllygyny, şeýle hem yglan edilen “Türkmenistan - Bitaraplygyň watany” ýylyna bagyşlap geçirdi.
Bu maslahatda Türkmenistandan, Fransiýadan we UNESKO-dan resmi adamlar, şeýle hem Türkmenistandan, Fransiýadan, Italiýadan, Angliýadan, Russiýadan, Owganystandan, Hytaýdan we Özbegistandan abraýly alymlar we arheologlar çykyş etdiler.
Çykyş edenler gadymy siwilizasiýanyň - Murgab derýasynyň boýunda ýerleşýän Margiana, Gadymy Müsür, Hytaý, Hindistan we Mesopotamiýa ýaly gadymy siwilizasiýalar bilen deňeşdirilip bilinjekdigi barada bellediler.
Mundan başga-da, ýygnaga gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň taryhy we medeni mirasyny öwrenmekde we gorap saklamakda, däp-dessurlaryň dowamlylygy, şeýle hem ruhy we ahlak gymmatlyklary baradaky ägirt uly goşandyny bellediler.
Luwr muzeýiniň wekili Fransua Bridiniň çykyşynda Margiana we Ulug-Depe gazuw-agtaryş işlerinde tapylan eserlere tüýs ýürekden haýran galýandygyny belledi. Öňümizdäki ýyllarda taraplaryň ylalaşyk gazanyp, Luwr muzeýinde Margiana, Goňur-Depe we Ulug-Depe eserleri bilen sergi gurap biljekdigine umyt bildirdi.