KIÝEW ŞÄHERINDE MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ GÜNÜNI BELLEMEK DABARASY GEÇIRILDI

photo

2020-nji ýylyň 26-njy iýunynda Kiýew şäheriniň merkezindäki seýilgähde, Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleriniň gününi, şeýle hem beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi bellemek dabarasy geçirildi.

Dabara gatnaşan myhmanlar, hususan-da, Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Ýokary Radanyň deputatlary, “Interbudmontaž” we “Altkom” şereketleriniň ýolbaşçylary, Ukrainanyň Söwda-senagat palatasynyň ýolbaşçylary, Ukrainanyň Prezidentiniň Diwanynyň garamagyndaky "Daşary ýurt wekilhanalaryna hyzmat edýän baş müdirlik" döwlet kärhanasynyň ýolbaşçylary, Kiýew şäherinde ýaşaýan türkmen diasporasynyň wekilleri, Ukrain professorlary we kitap neşirçileri, Kiýewiň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplar, şeýle hem Ilçihananyň işgärleri baýramçylyk şertlerinde türkmen halkynyň ruhy keşbini we milli şahsyýetini görkezýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýdular.

Çärede Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçisi çykyş edip, Magtymguly Pyragynyň durmuşynda we döredijiliginde esasy sepgitler, türkmeniň we dünýä edebiýatynyň ösüşindäki roly, güýçli we egsilmez Türkmen döwleti bolan erkin we gülläp ösýän Watan hakda nähili arzuw edendigi barada gürrüň berdi. Şu ýyl Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň uly dabaralar bilen bellenilýändigini hem-de Türkmenistanda "Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany" şygary bilen geçirilmegi gaty simwoliki manylydygy bellenildi.

Şeýle-de, Magtymguly Pyragynyň döredijiligini yhlas bilen öwrenýän, şahyryň durmuş ýoly barada kitabyň awtory, hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bimäçe kitaplaryny ukrain diline terjime eden Professor N.Waskiw Pyragynyň goşgularyndan watançylyk setirlerini ukrain dilinde tolgundyryjy duýgy bilen okady we Magtymgulynyň keşbini goşgy arkaly suratlandyrdy.

Kiýewiň merkezinde ýerleşýän türkmen şahyrynyň ýadygärliginde türkmen talyplary beýik şahyrymyzyň goşgularyny türkmen we ukrain dillerinde wasp etdiler, hem-de bu dabara gatnaşan myhmanlar we türkmen ýaşlary tüýs ýürekden hormat we buýsanç sözlerini aýdyp geçdiler.

/ 2020-nji ýyl - TürkmenistanBitaraplygyň mekany /