FRANSIÝADA WE AWSTRIÝADA “AHAL-TEKE ATLARY - ASYRLARYŇ WE MÜŇÝYLLYKLARYŇ DOWAMYNDA ŞÖHRATA EÝE” ATLY HALKARA WEBINAR GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň Fransiýadaky we Awstriýadaky Ilçihanalary “Ahal-Teke atlary - asyrlaryň we müňýyllyklaryň dowamynda şöhrata eýe” atly halkara webinar gurnady. Şeýle hem Fransiýanyň Ahal-teke assosiasiýasy we türkmen-awstriýa jemgyýeti ýokardaky çäräni bilelikde guraýjy hökmünde çykyş etdiler.
Ýurdumyzyň Pariždäki we Wenadaky diplomatik wekilhanalary bu halkara webinary Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny bellemeklige bagyşladylar.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna we Ahal-teke atlaryna bagyşlanan bu çärä Fransiýanyň we Awstriýanyň käbir ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri, Fransiýa, Awstriýa, Nederlandlar, Wengriýa, Çehiýa we Rumyniýa ýaly ýurtlardan gelen höwesekler we muşdaklar, şeýle hem jemgyýetçiligiň we habar beriş serişdeleriniň wekiller gatnaşdy.
Çykyş edenleriň arasynda Fransiýanyň Oba hojalygy we azyk ministrliginiň garamagyndaky Fransuz Atçylyk we At münmek institutynyň baş müdiri jenap Žan-Roş Galýe, Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň başlygy hanym Neda Berger we Wengriýanyň Akhal-teke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy jenap Niýeki Iozhef Gýula Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy we tutuş türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy bilen gutladylar.
Halkara webinara gatnaşyjylar, Ahal-teke atlarynyň ajaýyp gözelligini nygtap, Türkmenistanyň Prezidentine türkmen halkynyň iň oňat atçylyk däplerini kämilleşdirmäge we Ahal-teke atlaryny bütin dünýäde tanatmaga mümkinçilik döredenligi üçin minnetdarlyk bildirdiler.