SOŇKY HABARLAR
TELEKEÇILIK MESELELERI BOÝUNÇA BILELIKDÄKI TÜRKMEN-ASTRAHAN GEŇEŞINIŇ IKINJI MEJLISI
2020-nji ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Telekeçilik meseleleri boýunça bilelikdäki Türkmen-Astrahan geňeşiniň ikinji mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatynyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň barşynda Astrahan suw-ulag merkeziniň logistika mümkinçilikleri, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Olýa Hal...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÜRKMEN-GERMAN IŞ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-german iş duşuşygy geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň wekilleri we german tarapyndan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Naýthart Höfer-Wissing gatnaşdylar. Taraplar Türkmenistan bilen GFR-yň arasyndaky däp bo...
ÝDK BABATYNDA TÄZE STRATEGIÝANYŇ WE HEREKETLERIŇ MEÝILNAMASYNYŇ IŞLENILIP DÜZÜLMEGINIŇ ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLMAGY BOÝUNÇA WIDEOKONFERENSIÝA
2020-nji ýylyň 29-njy aprelinde BMG-niň Aşgabatdaky Wekilhanasynyň binasynda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň wekilleri bilen Ýokanç däl keselleriniň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021-2030-njy ýyllary üçin täze strategiýanyň işlenilip düzülmeginiň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça wideokonferensiýa geçirildi. Bu duşuşyk türkmen tarapynyň ýardam bermeginde BSG-nyň Türkmenistandaky Ýurt boýunça edarasy tarapyndan guraldy. Onlaýn-duş...
TÜRKIÝEDE TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI WIDEO ARAGATNAŞYK ARKALY MASLAHAT GEÇIRILDI
Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Stambuldaky Baş Konsullygynyň gatnaşmagynda 2020-nji ýylyň 28-nji aprelinde Ilçihananyň edara binasynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy we 2020-nji ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli wideo aragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi hem-de Stambul şäherindäki Baş konsuly, Türkiýäniň Strategiki düşünjeler institutynyň başlygy, Y...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA WIDEOKONFERENSIÝA GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda wideokonferensiýa guralyp, onda Beýik Britaniýanyň «University College of London» ýokary okuw mekdebiň Arheologiýa institutynyň professory, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) ýüpek ýollary boýunça baş maslahatçysy Tim Uilýams göni wideoaragatnaşyk arkaly leksiýa bilen çykyş etdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatna...
TÜRKMEN TARAPY HPG-NYŇ SYNYNYŇ GÖRKEZILIŞINE GATNAŞDY
2020-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Halkara pul gaznasynyň Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary üçin «Sebit ykdysadyýetiniň ösüş mümkinçilikleri» (MAK boýunça SYÖM) atly synynyň onlaný görnüşinde tanyşdyrylyşy geçirildi. Wideokonferensiýanyň barşynda dünýäniň ösüş düzgünleriniň häzirki şertlerinde ýurtlaryň arasyndaky özarabähbitli hyzmatdaşlygyň we hemmetaraplaýyn özara goldawlaryň giňeldilmeginiň aýratyn ähmiýete eýe bolup durýandygy nygtalyp geç...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝB-NIŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Piter Buriýan bilen sanly wideo aragatnaşygy arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylar sebit we halkara gün tertibi dogrusynda pikirleri alyşdylar, şeýle-de dünýä jemgyýetçiligi üçin ýeňil bolmadyk häzirki döwürde ýurtlaryň we halklaryň hemmetaraplaýyn özarahereketleriniň hem-de özara goldawlarynyň zerurlygyny nygtadylar. Onlaýn-söhbetdeşligiň ba...