SOŇKY HABARLAR
MILLI LIDERIMIZ TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ AHALTEKE ATÇYLYK TOPLUMYNA BARDY
Şu gün, dynç güni, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň boş wagtlaryny sport bilen meşgullanmak, şol sanda at münmek hem-de döredijilik işlerine sarp etmek ýaly adaty endigine eýerip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna geldi. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde behişdi bedewler bilen didarlaşdy, atly gezelenç etdi hem-de döredijilik bilen meşgullandy. Tebigatyň gözelligi ýylyň islendik paslynda ruhuňy belende göterýär, ýaz paslynyň howasy bolsa aýratyn joşduryp, ynsa...
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 542 müň dollary bolan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit ýol bitumyny, şeýle hem “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen karbamidi satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 3 million 668 müň manatlyk “Türkmengaz...
SPANBONDDAN MELTBLAUNA ÇENLI: TÜRKMENISTANDA ISLEGLI DOKALMAÝAN MATERIALLAR ÖNDÜRILÝÄR
?Тürkmen senet» hojalyk jemgyýeti ýurdumyzda ilkinji bolup täze görnüşli dokalmaýan material – spanbond çykarmagy özleşdirdi. Ak bugdaý etrabynyň senagat zolagynda telekeçiler ýylda 2500 tonna golaý önüm çykarmaga niýetlenen zawod gurdular. Çig mal hökmünde ýurdumyzda öndürilýän polipropilen ulanylýar. Ol aýratyn – dokma usuly ulanmazdan filýer usulda matada süýümleriň has dykyz ýerleşmegini gazanmaga mümkinçilik berýär. -Filýer usuly polimer ergininden alynýan sapaklary ýa-da süýümleri şol b...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatynda iş saparynda bolmagynyň çäklerinde doganlyk ýurt bolan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň derejesine ýokary baha berip, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli häsiýete eýedigini bellediler, munuň özi hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça öz wagtyn...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ BAŞ METJIDINDE SADAKA BERDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitiň baş metjidinde berlen sadaka gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz Daşoguzyň howa menzilinden şäheriň günorta-günbatar böleginde — owadan Görogly köçesiniň ugrunda gurlan metjide tarap ugrady. Bu uzyn ýoluň ugrunda Daşoguzyň binagärlik keşbini bezeýän beýleki ajaýyp desgalar, şol sanda Nurmuhammet Andalyp adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynyň ak mermerli binasy hem-de Ruhyýet köşgi ýerleşýär....
RESMI HABAR
Türkmenistanyň ylmy-tehnologiýa taýdan ösüşine, ylmy ösdürmegiň esasy ugurlaryna we «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, sanly tehnologiýalary ulanmak bilen, ylmy, ylmy-tehniki we innowasiýa işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ylmy-barlag işleriniň ykdysady bähbitliligini artdyrmak, ylmy-barlag edaralarynyň özara hem-de halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, ylmyň, bilimiň we önümçiligiň özara baglanyşygynyň has-da jebisleşmegin...
RESMI HABAR
Türkmenistanyň söwda toplumynyň harytlyk önümlerini birža söwdalary arkaly daşary ýurtlara ýerlemegiň tertibini has-da kämilleşdirmek, harytlaryň eksportyny artdyrmak we oňa gözegçiligi güýçlendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň söwda toplumynyň harytlyk önümlerini daşary ýurtlara ýerlemek boýunça birža söwdalaryny geçirmegiň Tertibi tassyklanyldy. Türkmenistanyň söwda toplumynyň harytlyk önümlerini daşary ýurtlara ýerlemek bo...