SOŇKY HABARLAR
DAŞOGUZ WELAÝATY: TUT AGAÇLARYNYŇ MEÝDANY GIŇELDILÝÄR WE DÖWREBAP OBA MEKDEBI GURULÝAR
Şu ýyl Türkmenistanyň demirgazygynda geçen ýyldakydan birnäçe esse köp -- bäş ýüz müň sany tut nahalyny ekmek göz öňünde tutulýar. Tut agaçlarynyň ilkinji onlarça müňüsi 21-nji martda geçirilen köpçülikleýin bag ekmek dabarasynda oturdyldy. Şeýle çäreler, ilkinji nobatda, pile almak boýunça tabşyrygyň artdyrylmagy bilen baglanşyklydyr. Şu ýyl bäş ýüz tonna ýüpek taýýarlamak bellenildi, munuň özi geçen ýyldakydan on bäş tonna köpdür. Baglaryň meýdanynyň artdyrylmagy tut agaçlarynyň ekologiýa o...
LEBAP WELAÝATY MAGDAN DÄL GAZYLYP ALYNÝAN GURLUŞYK MATERIALLARY BAZARYNDA EÝELEÝÄN ORNUNY BERKIDÝÄR
Lebap welaýatynyň günorta-gündogarynda, Garlyk şäherçesinde ýerleşýän magdan däl gayzlyp alynýan gurluşyk mäteriallaryny öndürýän karhanada tehnologik döwrebaplaşdyrmak işleri geçirilmegi netijesinde önümçilik görkezijileri dörtden bir esseden gowrak ýokarlandy. Munuň özi Amyderýä jülgesiniň we ýurdumyzyň beýleki sebitleriniň täze gurluşyklaryna inert materiallary ibermegi ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berdi. Hususan-da, 2019-njy ýylyň jemi boýunça gurluşyk materiallarynyň şu görnüşiniň 1 mi...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI NEBITGAZ PUDAGYNY ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA MASLAHAT GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz pudagynyň meseleleri boýunça orunbasary M.Meredowyň hem-de «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek, ýangyç-energetika toplumynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, dünýäde bar bolan häzirki çyl...
TÜRKMENISTAN ÖZ RAÝATLARYNY BEÝLEKI ÝURTLARDAN GETIRMEK BOÝUNÇA IŞJEŇ IŞLERI DOWAM EDÝÄR
Türkmenistan koronawirusyň ýaýramagy sebäpli dörän dartgynly ýagdaý bilen baglylykda türkmen raýatlarynyň daşary ýurtlardan ýurdumyza gaýdyp gelmegini guramak boýunça işleri dowam edýär. Türkmenistan 2019-njy ýylyň dekabrynda täze ýokanç kesel tiz ýaýrap ugran Hytaýdan öz raýatlaryny getirmegi guran ýurtlaryň ilkinjileriniň biri boldy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen «Türkmenhowaýollary» Agentligi Hytaýa ýörite çarter uçar gatnawlaryny gurap, türkmenistan...
TÜRKMENISTAN OBA HOJALYK PUDAGYNYŇ MADDY-ENJAMLAÝYN BINÝADYNY BERKIDÝÄR
Ýazky gowaça ekişiniň ýakynlaşyp gelýän şu günlerinde ýurdumyza dünýä belli kompaniýalaryň oba hojalyk tehnikalarynyň nobatdaky tapgyry gelip gowuşdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýakynda geçiren mejlisinde oba hojalyk pudagynyň işgärleriniň öňünde ýazky ekiş möwsümini guramaçylykly geçirmek, tehnikalardan doly güýjünde netijeli peýdalanmak babatda möhüm wezipeleri öňde goýdy. Şol wezipeleri ýokary hilli hem-de bellenen m...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SÖWDANY WE TELEKEÇILIGI ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ç.Gylyjowyň hem-de bu topluma degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň barşynda 2025-nji ýyla çenli sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge degişli wezipeler hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen bagly me...
TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTANYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz owgan kärdeşi bilen mähirli salamlaşyp, Mohammad Aşraf Ganini Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine täzeden saýlanylmagy bilen gutlap, öz halkynyň bähbitleriniň we abadançylygynyň hatyrasyna alyp barýan jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi. Owganystanyň Baştutany gutlaglar we...