SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek wezipeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi hem-de öňde boljak şanly seneler mynasybetli meýilleşdirilen köpçülikleýin çäreleri guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp,...
SEBITIŇ WE DÜNÝÄNIŇ ENERGETIKA HOWPSUZLYGYNY ÜPJÜN ETMEK UGRUNDA
Dubaý şäherinde (BAE) 24-nji fewralda açylan «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2020» halkara roud-şüweleňine dünýäniň nebitgaz bazarynyň öňdebaryjylary, ýurdumyzyň uglewodorod pudagynyň ýolbaşçylary gatnaşýarlar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan bu ýöriteleşdirilen forum biziň döwletimiziň gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ýangyç-energetika toplumynda özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilendir. Hormatly...
TELEKEÇILIGI GOLDAMAK — ÝURDUMYZYŇ YKDYSADY ÖSÜŞINIŇ MÖHÜM ŞERTI
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 20-nji fewralda geçirilen mejlisinde çykyş edip, hususy bölegiň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw bermegiň milli durmuş-ykdysady strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary esaslarynda ösdürilýär, halk hojalygy toplumynyň bu ugrunyň netijeli we okgunly ösdürilmegi üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredile...
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 42-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýa Federasiýasyndan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit koksuny, binýatlyk ýagy, awtoulag benzinini satyn aldylar. Ýokary dykyzlykdaky polietilen we tehniki kükürt («Türkmengaz» DK) Russiýadan, Özbegistandan we Owganystandan gele...
TÜRKMENISTANYŇ ÖZBEGISTANDAKY ILÇIHANASY TARAPYNDAN TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ 25-ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN LEKSIÝA GURNALDY
2020-nji ýylyň 21-nji fewralynda Daşkent döwlet ykdysadyýet uniwersitetinde Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan leksiýa geçirildi. Çärä Daşkent döwlet ykdysadyýet uniwersitetiniň rektory K.Şaripow, uniwersitetiň professor-mugallymlary, ylmy işgärleri, aspirantlary we talyplary gatnaşdylar. Leksiýanyň dowamynda Türkmenistanyň Ilçisi türkmen Bitaraplygynyň taryhy hem-de onuň Merkezi Aziýada...
TÜRKMENISTANDA AÝALLARYŇ SAGLYGY WE MAŞGALADAKY ÝAGDAÝY BOÝUNÇA SYNYŇ GEÇIRILMEGI
2020-nji ýylyň 25-nji fewraly 1-nji apreli aralygynda “Aýallaryň saglygy we maşgaladaky ýagdaýy boýunça syny” geçirmek meýilleşdirilýär. Bu çäre Türkmenistanyň gender deňligi boýunça 2015-2020-nji ýyllar üçin Milli Hereketleriň Meýilnamasynyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasy bilen bilelikdäki taslamalarynyň Iş meýilnamalarynyň çäklerinde durmuşa geçiriler. Agzalan syn Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Içeri işler minis...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI GFR-NYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2020-nji ýylyň 19-njy fewralynda Germaniýanyň Federal Prezidentiniň resmi rezidensiýasy bolan «Belwýu» köşgünde Ilçi B.Rejepowyň GFR-nyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere Türkmenistanyň GFR-ky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasynyň çäklerinde Ilçiniň Federal Prezident bilen duşuşygy geçirildi, onuň barşynda Ilçi GFR-nyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere Türkmenistanyň Prezidenti G...