SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY N.B.KOWUSOW HAKYNDA
Polisiýanyň podpolkownigi Nurmyrat Bäşimowiç Kowusowy Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň rektory wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň nyzam taýýarlygy we terbiýeçilik işleri boýunça prorektory wezipesinden boşatmaly. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. Aşgabat şäheri, 2020-nji ýylyň 30-njy ýanwary. / Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi /
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda Garaşsyz Türkmenistanda howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini has-da kämilleşdirmek, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça meselelere seredildi, 2020-nji ýyl üçin bu edaralaryň öňünde durýan esasy wezipeler kesgitlenildi. Şeýle hem Döwlet howpsuzlyk geňe...
BERKARAR DÖWLETIMIZIŇ BAGTYÝARLYK DÖWRÜNIŇ ÝYL ÝAZGYSY – 2019-NJY ÝYL: OBA HOJALYK TOPLUMY
Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek, ilatyň ýaşaýyş derejesini we hilini ýokarlandyrmak bilen gönüden-göni baglanyşykly obasenagat toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Häzirki wagtda bu ulgamda oba hojalygynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistany 2019 — 2025...
AŞGABATDA YHÖG-NYŇ BAHA BERMESINIŇ ÇÄKLERINDE ESASY NETIJELERIŇ ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLMAGY BOÝUNÇA IKINJI IŞ MASLAHATY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (YHÖG) «Merkezi Aziýa ýurtlarynda telekeçiligiň hukuk gurşawynyň kämilleşdirilmegi: Türkmenistan» baha bermesiniň çäklerinde degişli netijeleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça ikinji iş maslahaty geçirildi. Çärä türkmen tarapyndan ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň weki...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE HAZAR DEŇZINDE GÖZLEG WE HALAS EDIŞ IŞLERINI GEÇIRMEK HAKYNDAKY YLALAŞYGYŇ TASLAMASYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞMAK BOÝUNÇA DUŞUŞYK ÖZ IŞINE BAŞLADY
2020-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň Hazar deňzinde gözleg we halas ediş işlerini geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça ikinji mejlisi öz işine başlady. Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň bilermenleri, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligin...
IZMIR MILLI KITAPHANASYNDA TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI YLMY MASLAHAT WE DABARALY ÇÄRE GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Türkmеnistаnyň Türkiýe Rеspublikаsyndаky Ilçihаnаsy (Аnkаrа ş.) wе Bаş kоnsullugy (Stаmbul ş.) tаrаpyndаn Izmir şäheriniň Konak etrap häkimligi bilеn bilеlikdе Izmir milli kitaphanasynyň edаrа binаsyndа Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy hem-de 2020-nji “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýyly mynasybetli hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan we halkymyza sowgat edilen “Paýhas çeşmesi”, “Parahatçylyk sazy, dostluk doganl...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI KONSTITUSION TOPARYŇ NOBATDAKY MEJLISINI GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen baglanyşykly teklipleri işläp taýýarlamak we umumylaşdyrmak boýunça geçen ýylyň güýzünde Halk Maslahatynda kabul edilen çözgüt esasynda döredilen Konstitusion toparyň nobatdaky mejlisini geçirdi. Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen taryhy mejlisinde konstitusion özgertmel...