RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
19 Awg

BEÝIK BRITANIÝANYŇ ILÇISI TÜRKMENISTANDAKY DIPLOMATIK MISSIÝASYNY TAMAMLAÝAR

2019-njy ýylyň 19-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde özüniň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Torhilda Wiwia Ebbott-Uot bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri hanym Ilçä Türkmenistanyň Prezideni Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan deňhukuklylyk, hormat goýmak we açyklyk ýörelgelerine esaslanýa...

DOWAMY
pic
13 Awg

BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNYŇ JEMLERI BOÝUNÇA BAŞLYKLYGYŇ BEÝANNAMASY

2019-njy ýylyň 11–12-nji awgustynda Türkmenistanyň Türkmenbaşy şäherinde Birinji Hazar ykdysady forumy geçirildi. Forumyň çäklerinde birnäçe halkara çäreleri guraldy, bu çäreleriň netijeleri boýunça şu aşakdakylar bellenildi: Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň döwlet Baştutanlary tarapyndan 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde ýokary derejedäki Bäşinji Hazar duşuşygynyň netijeleri boýunça gol çekilen, Hazar sebitiniň ýurt...

DOWAMY
pic
12 Awg

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE GDA-NYŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 20-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistana iş sapary bilen gelen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygynyň orunbasary - Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary S.Iwanowyň ýolbaşçylygyndaky GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar şu ýyl Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna Başlyklyk etmeginiň çäklerinde çäreleriň meýilnamalaýyn durmuşa geçirilişini kanagatlanma bilen bellä...

DOWAMY
pic
12 Awg

EÝRANYŇ BIRINJI WISE-PREZIDENTI BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞDY

2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidenti Eshak Jahangiriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenbaşy şäherine geldi. 12-nji awgustda günüň birinji ýarymynda ýokary derejeli myhman Birinji Hazar ykdysady forumynyň dabaraly açylyşynyň çäklerinde «Hazar deňzi: Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň bähbitleri» atly Halkara maslahatyna gatnaşdy. Şeýle hem Eshak Jahangiri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. I...

DOWAMY
pic
12 Awg

«AWAZADA» TÜRKMEN-GAZAK GATNAŞYKLARYNY GIŇELTMEGIŇ MÜMKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Gazagystan Respublikasynyň premýer-ministri Askar Maminyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli wekiliýet Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine geldi. 12-nji awgustda Gazagystan Respublikasynyň premýer-ministri Askar Mamin Forumyň dabaraly açylyşynyň çäklerinde «Hazar deňzi: Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň bähbitleri» atly maslahata gatnaşdy. Şol gün Askar Mamin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan...

DOWAMY
pic
12 Awg

ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRI BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNYŇ ÇÄKLERINDE TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI

2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Özbegistan Respublikasynyň premýer-ministri Abdulla Aripowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli wekiliýet Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine geldi. 12 awgustda Özbegistan Respublikasynyň premýer-ministri A.Aripow Forumyň dabaraly açylyşynyň çäklerinde «Hazar deňzi: Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň bähbitleri» atly Halkara maslahatyna gatnaşdy. Özbegistan Respublikasynyň premýer-ministri A.Aripow Türkmenistanyň Prezident...

DOWAMY
pic
12 Awg

TÜRKMENISTAN WE RUSSIÝA KÖPUGURLY HYZMATDAŞLYGY SAZLAŞYKLY GIŇELDÝÄRLER

2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy D.Medwedewiň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli rus wekiliýeti Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine geldi. 12-nji awgustda RF-niň Hökümetiniň Başlygy Forumyň dabaraly açylyşynyň çäklerinde «Hazar deňzi: Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň bähbitleri» atly Halkara maslahatyna gatnaşdy. Şeýle hem Dmitriý Medwedewiň we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ikitaraplaýy...

DOWAMY