SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE UNAMA-NYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 4-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyza iş sapary bilen gelen BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili, BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň (UNAMA) başlygy Tadamiçi Ýamamotonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar hoşniýetli goňşuçylyk we oňyn halkara hyzmatdaşlygy ýaly ýörelgelere esaslanýan daşary syýasatynyň çäklerinde Türkmenistanyň raýdaşlygyň mizemez nusgasy hökm...
AŞGABATDA GDA GATNAŞYJY DÖWLETLERIŇ YNSANPERWER HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA DÖWLETARA GAZNASYNYŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 4-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer Hyzmatdaşlyk boýunça Döwletara gaznasynyň (YHDG) wekilleri − GDA gatnaşyjy döwletleriň YHDG-nyň Ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary Elwira Dolýa hem-de şol direksiýanyň geňeşçisi Aleksandr Gonçarow bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda, Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň wekilleri bilen aln...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝEWROPA BILELELEŞIGINIŇ WEKILIÝETI BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Peter Burianyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar 2019-njy ýylda Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak baradaky meseleleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu mazmunda, hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistanda Ý...
TÜRKMENISTAN BILEN BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ ILAT GAZNASYNYŇ (ÝUNFPA) ARASYNDA BIRNÄÇE RESMINAMALARA GOL ÇEKILDI
2019-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde ýurdumyzyň birnäçe döwlet edaralary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) arasynda birnäçe resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Bu çärä Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň we ÝUNFPA-nyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Dabarada bellenilişi ýaly, häzir 2016 - 2020-nji...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE BGG-NIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Aşgabada iş sapary bilen gelen, Bütindünýä Gümrük Guramasynyň Baş sekretary Kuniýo Mikuriýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy, Guramanyň Baş sekretaryny ýetip gelýän Halkara gümrük gullugynyň güni bilen, şeýle hem, onuň 2009-njy ýyldan bäri işleýän Baş sekretar wezipesine gaýtadan saýlanylmagy bilen gutlady. Soňra, taraplar Türkmenistan bilen BGG-niň arasyndak...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BÜTINDÜNÝÄ GÜMRÜK GURAMASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä gümrük guramasynyň baş sekretary Kunio Mikuriýany kabul etdi. Myhman mähirli kabul edilendigi we hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän guramasynyň Türkmenistan bilen tutuş dünýäde abadançylygyň bähbitlerine kybap gelýän netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge we giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady. H...
GERMANIÝANYŇ GANNOWER ŞÄHERINDE "DOMOTEX 2019" HALKARA SERGISINDE TÜRKMENISTANYŇ HALY ÖNÜMLERINIŇ GÖRKEZILIŞI
2019-njy ýylyň 11-14-nji ýanwary aralygynda GFR-iň Gannower şäherinde haly önümleriniň we pol örtükleriniň 31-nji ýöriteleşdirilen halkara "DOMOTEX-2019" sergisi geçirildi, onuň işine Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň wekiliýeti gatnaşdy. Tutuş dünýäde mälim bolan we Ýewropada irileriň arasynda ýer alan "DOMOTEX-2019" sergisiniň guramaçysy "Deutsche Messe АG" sergi-ýarmarka kompaniýasy bolup, bu sergi 1989-njy ýyldan bäri her ýylda geçirilýär we dünýäde halylaryň, parketleriň hem-d...