SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Abdulaziz Kamilowy kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň milli Liderimize aýdan mähirli sözlerini, türkmen halkyna iberen parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Özbegistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝAPON WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada CAREC-yň 17-nji Ministrler maslahatyna gatnaşmaga gelen Ýaponiýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk Agentliginiň (JICA) Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary boýunça departamentiniň baş direktory Koji Fujiýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda hyzmatdaş ýurtlaryň ýapon tejribesinden ugur alyp bilim almakda peýda bolýan JICA-nyň wezipesini ýerine ýetirmek boýunça okuw taslamalarynyň wajy...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE OWGAN WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Owganystan Yslam Respublikasynyň “Ghazanfar Construction, Road Work Rail Way Construction Material P.CO” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistana iş sapary bilen geldi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Owganystan Yslam Respublikasynyň Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäherçesinde 500 orunlyk metjit gurular. Duşuşygyň barşynda tar...
TUNIS RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2018-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada ynanç hatlaryny gowşurmak maksady bilen gelen Tunis Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Mohamed Ali Şihi bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Ilçi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Soňra gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmäge taýýarlygyny belläp, taraplar özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri ara alyp maslah...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE MONGOLIÝANYŇ ILÇISI BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde täze bellenen, Türkmenistana öz ynanç hatlaryny gowşurmak maksady bilen gelen Mongoliýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Luwsan Battulga (oturýan ýeri Astana) bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-mongol hyzmatdaşlygyny geljekde işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň we Mongoliýanyň abraýly halkara guramalaryň...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejedäki ähmiýetini hem-de döwlet Baştutanlarynyň birek biregiň ýurduna amala aşyrýan saparlarynyň aýratyn möhümdigini belläp geçdiler. Şeýle hem, gepleşikleriň dowamynda wekiliýet ýol...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASYNDA IŞ SAPARYNDA BOLDY
2018-nji ýylyň 6–8-nji noýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin Owganystan Yslam Respublikasynyň Kabul şäherinde iş saparynda boldy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy artdyrmak bilen...