SOŇKY HABARLAR
HALKARA LOGISTIKA MASLAHATYNYŇ NETIJELERI JEMLENDI
Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “HEAVY CASPIAN: TURKMENISTAN” atly halkara maslahat öz işini tamamlady. Onda ulag-logistika hyzmatlarynyň dünýä bazarynyň ösüşi bilen bagly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ozal habar berlişi ýaly, bu iri ýöriteleşdirilen maslahat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hem-de Türkmen logistika assosiasiýasy (TLA) tarapyndan “Heavy World” we “Ýük ulag merkezi”...
GARABOGAZ AÝLAGYNYŇ ÜSTÜNDEN GURULJAK TÄZE AWTOMOBIL KÖPRÜSINIŇ TASLAMASY TAÝÝARLANYLDY
“Türkmenawtoýollary” Döwlet konserniniň taslama institutynyň hünärmenleri Garabogaz aýlagynyň üstünden awtomobil köprüsiniň taslamasyny işläp taýýarladylar. Uzynlygy 354 metr, ini 17 metr we beýikligi aýlagdyň üstünden 7 metr bolan desga ulaglaryň Gazagystan bilen serhede tarap dört zolakly (her tarapa iki zolakly) hereketini üpjün eder. Täze inženerçilik desgasy köne, indi barha artýan ulag gatnawlarynyň talaplaryna laýyk gelmeýän, iki zolakly köprä derek gurlar. Täze köprüniň ganatlary uzyn...
ÝOL BITUMY TNGIZT-IŇ EKSPORTA IBERÝÄN ÖNÜMLERINIŇ ÜSTÜNE GOŞULDY
Türkmenbaşynyň nebti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän ýol bitumy şu ýyldan eksporta ugradylyp başlandy. Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen nebti gaýtadan işlemekden alynýan bu önümiň 35 müň tonna golaýy ýerleşdirildi. Asfaltbeton öndürmek üçin çig malyň ýedi müň tonna golaýy demir ýol bilen Özbegistanda işleýän telekeçilik gurluşlaryna ugradyldy. Türkmen bitumyna islegiň artmagy TNGIZT-de täze wakuum enjamyny we beýleki tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna bu baglaşdyryjy...
AZIÝA-ÝUWAŞ UMMANY TELERADIOGEPLEŞIKLER BIRLEŞIGINIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 55-NJI MEJLISINIŇ ÇÄKLERINDE GEÇIRILEN DABARALAR
2018-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Aşgabatda Aziýa-Ýuwaş Ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) Baş Assambleýasynyň 55-nji Mejlisiniň çäklerinde geçirilýän: Tehniki toparyň maslahaty, Zenanlaryň 7-nji forumy, hil dolandyryşy boýunça okuw maslahaty, Dolandyryjylaryň maslahaty, Radioda işleýän hünärmenleriň maslahaty, Meýilnamalaşdyrmak we strategiýalaşdyrmak boýunça toparyň ýygnagy, Meýilnama komitetiniň maslahaty, Sport toparynyň sport oýunlarynyň telewizion hukuklaryny maliýeleşdirmek boý...
BMG-NIŇ BOSGUNLARYŇ IŞLERI BARADAKY ÝOKARY KOMISSARYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETINIŇ 69-NJY MASLAHATYNA TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ GATNAŞMAGY
2018-nji ýylyň 1-5-nji oktýabrynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary komissarynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň (UNHCR) 69-njy maslahatyna Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasary S.B.Ymamberdiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşýar. Ýerine ýetiriji komitet maksatnamalara göz aýlamak we berkitmek, agentligiň býujetini, halkara goraglylygy we beýleki meseleriň hataryny UNHCR we hökümetara hem-de hökümete dahyly b...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ABU-NYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aziýa-Ýuwaş Ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) Baş sekretary Jawad Mottagi bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda türkmen tarapy ABU bilen hyzmatdaşygy mundan beýläk hem giňletmäge, aýratyn hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini ösdürmekde öz goşandyny goşmaga taýýardygyny aýtdy. Dr. Jawad Mottagi ilki bilen Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Aziýa-Ýuwaş Umman...
“KITAP — HYZMATDAŞLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLY” ATLY NEŞIR ÖNÜMLERINIŇ ХII HALKARA KITAP SERGI-ÝARMARKASY WE YLMY MASLAHAT
Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde “Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly neşir önümleriniň ХII halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň dabaraly açylyşy boldy. Ulgamyň baş forumynyň guramaçylary bolup, Türkmen döwlet neşirýat gullugy we ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy çykyş etdiler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, ýurdumyzyň we dünýäniň çap önümleri senagatynyň üstünliklerini we gazananlaryny görkezmäge gönükdirilen bu kitap maslahatyny geçirmekde ba...