SOŇKY HABARLAR
DUŞENBE ŞÄHERINDE GDA-NYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Duşenbe şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary Arkalaşygyň hukuk esasyny kämilleşdirmäge we ösdürmäge, ynsanperwer hyzmatdaşlygyny geljekde giňeltmäge gönükdirilen 15-den gowrak resminamanyň taslamalaryna garadylar. Wekiliýet ýolbaşçylary düzüminde geçirilen mejlisde oňa gatnaşyjylar halkara gün tertibiniň wajyp meseleleri we Arkalaşygyň çäginde özar...
PRESS-RELIZ
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi 2018-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaranyň işe başlamagy we onuň ilkinji mejlisini geçirmek baradaky başlangyjy 2017-nji ýylyň oktýabrynda Ahal welaýatynda geçirilen Ýaşulularyň Maslahatynda doly goldandy. Halk Maslahatynyň birinji Mejlisin...
TÜRKMEN WEKILIÝETI BMG-DE SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMY BOÝUNÇA IŞ MASLAHATYNA GATNAŞDY
Nýu-Ýorkda geçýän BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde umumy ara alyp maslahatlaşmalaryň çäklerinde 26 — 27-nji sentýabrda inçekeseli ýok etmek we ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça ýokary derejeli iş maslahaty geçdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça iş maslahatyna Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hünär ugurly düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Ýurdumyzyň wekilleri Baş Assambleýa gatnaşyjylaryň öňünd...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW GARAŞSYZLYGYMYZYŇ 27 ÝYLLYGY MYNASYBETLI GEÇIRILEN DABARALARA GATNAŞDY
Şu gün Türkmenistanda baş döwlet baýramy — Garaşsyzlyk güni uly we köpöwüşginli dabaralar bilen bellenildi. Bu baýramçylyk ildeşlerimiziň ählisi üçin eziz Watanymyzyň ykbalynda täze taryhy eýýamyň başlanýandygyny alamatlandyrýar. Bu eýýam bolsa ägirt uly üstünliklere, ähli ulgamlarda düýpli özgertmelere beslendi. Ine, indi 27 ýyldan bäri agzybir türkmen halky ata-babalarymyzyň mähriban topragynda parahatçylykly we bagtyýar durmuşda ýaşap hem-de döredijilikli zähmet çekip, şöhratly ata-babalarymy...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaraly baýramçylyk ýörişiniň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň baş meýdanyndaky döwlet münberiniň binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň gysga mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine döwlet durmuşynyň ileri tutulýan birnäçe meseleleri, şol sanda ýaňy-ýakynda Aşgabatda geçirilen Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde kabul edilen çözgütleri iş ýüzünde amala aşyrmak bilen bagl...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW GARAŞSYZLYK BINASYNA GÜL GOÝMAK DABARASYNA GATNAŞDY
Şu gün türkmenistanlylar özüniň esasy milli baýramy bolan Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününi belleýär. Säher bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ajaýyp ýadygärlik toplumynyň çäginde bina edilen, häzirki we geljekki nesilleriň hakydasynda hemişelik orun alan, ýurdumyzyň özygtyýarlylygyna eýe bolan senesini alamatlandyrýan Garaşsyzlyk binasynyň etegine gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Döwür ýurdumyzyň täze durmuşynyň başyny başlan bu taryhy senäniň ähmiýetini has äşgär açyp görke...
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA
Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi Türkmenistanyň milli baýramy — täze senenamamyza laýyklykda «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen 2018-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda ilkinji gezek giňden bellenýän Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Garaşsyzlyk berkararlygymyzyň, agzybirligimiziň we jebisligimiziň berk binýadydyr. Ata Watanymyzyň iň täze taryhy, häzirki ö...