RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
22 Okt

“TÜRKMENISTAN- BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI” DÖWRÜŇ WE SIWILIZASIÝANYŇ GEPLEŞIGI

2017-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdmuhamedowyň “Türkmenistan- Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly taze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabaraly çärä Hökümet agzalary, biziň ýurdumyzda akreditirlenen diplomatik gullugynyň we halkara guramalarynyň wekilleri, şeýle hem jemgyýetçiligiň, köpçülileýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Ýurt baştutanynyň taze kitaby bolan “Türkmenistan- Beýik Ýüpek ýolunyň...

DOWAMY
pic
20 Okt

«Hazar sebitinde parahatçylyk, durnuklylyk we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahaty

2017-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Hazar sebitinde parahatçylyk, durnuklylyk we halkara hyznatdaşlyk» atly maslahat geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan gurnaldy. Çärä Türkmenistanyň daşary işler, goranmak, maliýe we ykdysadyýet ministrliklerinden, deňiz we derýa ulaglary, serhet gulluklaryndan, balyk hojalygy, gidrometeorolog...

DOWAMY
pic
18 Okt

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabadyň golf-klubunyň işlemegine badalga berdi

Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanda ilkinji golf-kluby açyldy. Dabaranyň barşynda döwlet Baştutanymyz top boýunça ilkinji urgyny edip, Aşgabadyň golf toplumynyň işlemäge başlandygyny alamatlandyrdy. Aşgabadyň golf-meýdançasyny döretmek üçin tebigy aýratynlyklary bolan künjek seçilip alyndy. Onuň tebigy görnüşine binagärler özboluşly çeper görnüşi goşup, meýdançanyň has amatly bolmagyny we ruhuň göteriji häsiýetini şertlendiripdirler. Bu...

DOWAMY
pic
17 Okt

Türkmenistan Parlamentara Bileleşigiň agzasy boldy

2017-nji ýylyň 15-nji oktaýbrynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde Parlamentara Bileleşigiň 137-nji Assambleýasynyň çäklerinde geçirilen Parlamentara Bileleşigiň Dolandyryjy geňeşiniň 201-nji mejlisiniň karary bilen Türkmenistan Parlamentara Bileleşigiň agzalygyna biragyzdan kabul edildi. Parlamentara Bileleşiginde ýurdumyza Türkmenistanyň Mejlisi wekilçilik eder. Ştab-kwartirasy Ženewada ýerleşýän bu Bileleşik, iň köne halkara guramalaryň biri bolmak bilen, ol parlamentara d...

DOWAMY
pic
15 Okt

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA RECCA VII ÇYGRYNDA AKADEMIK FORUM GEÇIRILDI

2017-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Owganystan boýunça sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça VII Ministrler maslahatynyň (RECCA VII) çygrynda Akademik forum geçirildi. Forumyň işine degişli ministrlikleriň we pudak edaralaryň işgärleri, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärleri hem-de Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň  ýokary okuw jaýlarynyň ýolbaşçylary, Hytaý Halk Respublikasynyň Ženmin Uniwe...

DOWAMY
pic
13 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ WEKILÝETI SEBITLEÝIN YKDYSADY INTEGRASIÝASYNYŇ MÜMKINÇILIKLERI BARADA PIKIR ALYŞDYLAR

2017-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Owganystan boýunça sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça VII Ministrler maslahatynyň (RECCA VII) çygrynda geçirilýän Akademik foruma gatnaşmak üçin iş sapary bilen türkmen paýtagtyna gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary hanym Adel Razyň ýolbaşçylygyndaky wekilýet bilen duşuşyk boldy. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentlerini...

DOWAMY
pic
11 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GDA ÝURTLARYNYŇ DÖWLET ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ SAMMITINE GATNAŞDY

2017-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň agza ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Soçi şäherine bardy. Biziň ýurdumyz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, GDA-nyň işlerine işjeň gatnaşyp, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde dürli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmek babatda çykyş edýär. Duşuşyga taýýarlyk görmegiň çäklerinde 10-nj...

DOWAMY