img
TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLUGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - HYRAT
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň wekiliýeti “Parahatçylyga, uruşlaryň bes edilmegine we halkara hukugyna hormat goýmaga çagyryş” başlangyjyna badalga bermek boýunça çärä gatnaşdy

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 25-26-njy aprelinde Ispaniýa Patyşalygyna amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Gernika şäherinde geçirilen “Parahatçylyga, uruşlaryň bes edilmegine we halkara hukugyna hormat goýmaga çagyryş” başlangyjyna badalga bermek boýunça çärä gatnaşdy.

Çärä döwlet işgärleri, halkara guramalaryň wekilleri, ýaş liderler hem-de akademiki toparlaryň we raýat jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Çärä gatnaşyjylar çäräniň parahatçylygy we hukugyň hökmürowanlygyny goramagyň ähmiýetine çagyryş bolup durýandygyny, şeýle hem parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek boýunça ählumumy tagallalara täze itergi berjekdigini hem-de BMG-niň Tertipnamasynyň maksatlarynyň durmuşa geçirilmegine möhüm goşant goşjakdygyny belläp geçdiler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary öz çykyşynda Türkmenistanyň üç gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň parahatçylyk başlangyçlaryny, ýurtlaryň arasyndaky gepleşikleri ilerletmek we jedelleriň öňüni almak üçin platforma bolup hyzmat edýändigini nygtady. Bu ädimler Türkmenistanyň parahatçylyk medeniýetini berkitmek hem-de deňlik we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin goşant goşmaga ygrarlylygyny görkezýär.

Şeýle hem, parahatçylygy we özara düşünişmegi güýçlendirmekde medeniýetleriň, dinleriň we halklaryň arasyndaky dialogy pugtalandyrmagyň ähmiýeti bellenildi.

mfa.gov.tm