Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat

Ysraýylyň 2025-nji ýylyň 13-nji iýunynda Eýranyň ilatly ýerlerine we desgalaryna alama aşyran raketa urgulary bilen baglylykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi aşakdakylary mälim edýär.
Türkmen tarapy häzirki wagtda Ýakyn Gündogarda dartgynlylygyň güýjemegi bilen bagly aladasyny beýan edýär.
Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen oňyn hemişelik bitaraplyk derejesine eýe bolan döwlet hökmünde Türkmenistan güýç ulanylmagyny ýa-da ony syýasy we beýleki meseleleri çözmegiň usuly hökmünde peýdalanmak howpuny kabul etmeýär.
Biz islendik çylşyrymly ýagdaýlary diňe BMG-niň Tertipnamasy hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda parahatçylykly ýollar bilen çözmek üçin syýasy-diplomatik serişdeleriň giň toplumyny ulanmagyň zerurdygyny nygtaýarys.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi
mfa.gov.tm