img
TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLUGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - HYRAT
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistan bilen Moldowa Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

photo

2025-nji ýylyň 10-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Moldowa Respublikasynyň Daşary işler ministri Mihai Popșoiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirilip, onuň dowamynda türkmen-moldowa hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berildi.

mfa.gov.tm