img
TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLUGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - HYRAT
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň we Burundi Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

photo

2025-nji ýylyň 10-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Burundi Respublikasynyň Daşary işler we ösüş maksatly hyzmatdaşlyk ministri Alber Şingironyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Ministrler özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegine garadylar.

Söhbetdeşlikde üstümizdäki ýylyň awgust aýynda Türkmenistanda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berildi.

mfa.gov.tm