TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK WEKILHANASY SEULDA "AMUL – HAZAR 2018" AWTORALLISINE BAGYŞLANAN METBUGAT MASLAHATYNY GEÇIRDI

photo

27-nji iýulda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynda sentýabr aýynda geçiriljek “Amul – Hazar 2018” Halkara awtorallisine bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi. Çärä Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň, “Koreýa – Merkezi Aziýa” Hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariatynyň, Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Dostlugy assosiasiýasynyň, şeýle hem ylmy jemgyýetçiligiň, koreý kompaniýalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdyrlar. 

Maslahatyň barşynda bu ýere ýygnananlara halkara rallisine taýýarlyk, onuň ugurlarynyň aýratynlyklary we Türkmenistanyň taryhy-medeni mirasyny, tebigat gözelliklerini we häzirki gazanan üstünliklerini wagyz etmek jähtinden ähmiýeti barada anyk maglumatlar getirildi. 

Ýygnananlar Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşde dikeltmek ugrunda çykyş edýän Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan ýokary netijeli sporty we köpçülikleýin bedenterbie-sagaldyş hereketini ösdürmegiň strategiýasy barada habar beridi. 

Maslahata gatnaşanlar geljekki awtoulag ýaryşynyň dünýä bileleşiginiň, şol sanda koreý bileleşiginiň Türkmenistanyň baý taryhy – medeni mirasy bilen tanyşmaga, Türkmenistanyň yzygiderli tagallalary we oňyn halkara syýasaty netijesinde häzirki döwürde ýurtlary we halklary birleşdirip, täzeden döreýän Beýik Ýüpek ýolunyň jebisleşdiriji ähmiýeti baradaky gözýetimi giňeltmäge mümkinçilik berjekdigini bellediler.

/ Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi /