TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW IŞ SAPARY BILEN GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNA BARDY

photo

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hazarýaka ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň V ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherine geldi.

Bu Sammitde döwlet Baştutanlary Hazarýaka ýurtlarynyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary berkitmek, aýratyn hem söwda-ykdysady, ekologiýa, tebigy serişdeler, ulag-üstaşyr, energetika we şol sanda bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň degişli şertnamalaýyn-hukuk binýadyny berkitmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.

/ Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi /