GARABOGAZ ŞÄHERINDÄKI GAZHIMIÝA TOPLUMY HALKARA ŞAHADATNAMALAR BILEN DÜNÝÄDE IŇ GOWULARYNYŇ BIRI HÖKMÜNDE BELLENILDI

photo

Türkmenistanyň senagat taýdan ösdürilmegi daşky gurşawy goramagyň meseleleri bilen aýrylmaz bagly, diýip Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Garabogazkarbamid» kärhanasynyň açylyş dabarasynda belledi. Açylyşyň dowamynda önümiň hiliniň ýokarylygyny, önümçiligiň netijeliligini we ekologiýa taýdan arassalygyny tassyklaýan degişli şahadatnamalar halkara guramalar tarapyndan zawodyň ýolbaşçylaryna gowşuryldy.

Şunuň bilen baglylykda Döwlet Baştutany Türkmenistanyň zyýanly gazlaryň atmosfera zyňylmagyny azaltmak boýunça halkara jemgyýetçiliginiň tagallalaryny goldaýandygyny belledi. Ýurtda senagatda, şol sanda nebitgaz, elektroenergiýa we himiýa pudaklarynda ekologiýa taýdan howpsuz we gorlaryň aýawly harçlanmagyna geçmek boýunça ulgamlaýyn işler alnyp barylýar.

Soňra «Garabogazkarbamid» kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşan halkara guramalaryň wekilleri täze gazhimiýa toplumynyň ýolbaşçylaryna zawodda öndürilýän önümiň hilini, onuň önümçiliginiň we innowasion tehnologiýalarynyň netijeliligini tassyklaýan şahadatnamalar halkara guramalary tarapyndan gowşuryldy.

Hususan hem, Dökünler boýunça halkara ylmy merkeziniň (CIEC) prezidenti, ekologiýa ylymlarynyň professory Szi Lançžu olaryň wekilçilik edýän guramasynyň işi mineral önümi çykarýan ekologiýa taýdan howpsuz senagat edaralaryny goldamaga gönükdirilendigini belledi. Ol Türkmenistanda bu ugurda geçirilýän işe ýokary baha berip, zawodyň direktoryna täze gazhimiýa toplumynyň önüminiň ýokary hilini tassyklaýan Dökünler boýunça halkara ylmy merkeziniň şahadatnamasyny gowşurdy.  

Braunşweýg tehniki uniwersitetiniň (Germaniýa) wekili jenap doktor Mireý Wan Owerstraten bu taslamanyň – dünýäde iň zyýadalarynyň biridigini belledi we onuň durmuşa geçirilmeginde bu ugurda ulanylýan öňdebaryjy ylmy göwrümli tehnologiýalary göz öňünde tutulandygyna aýratyn ünsi çekdi.

Doktor Mireý Wan Owerstraten gazhimiýa toplumynyň Germaniýanyň Ösümlikleri ýetişdirmek boýunça federal ylmy-barlag merkezi tarapyndan iri innowasion kärhana hökmünde ykrar edilendigini belläp, innowasion tehnologiýalarynyň ulanylýandygyna şaýatlyk edýän Şahadatnamany gowşurdy.

Organiki oba hojalygy derňemegiň ylmy-barlag halkara jemgyýetiniň (ISOFAR) prezidenti, professor doktor Gerold Rahmann Garabogazdaky gazhimiýa taslamasyny iň netijeli we ekologiýa taýdan durnukly taslamalaryň biri hökmünde ykrar edýän Şahadatnamasyny gowşurdy.

/ Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi /

Surat "Türkmenistan - Altyn Asyr" web sahypasyndan (TDH)