HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 73-NJI MASLAHATYNDA ÇYKYŞ ETDI

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine iş sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynyň işine gatnaşdy. Bu sapar biziň ýurdumyzyň giň halkara hyzmatdaşlyk ugruna ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrülip, şunda soňky ýyllarda BMG bilen täze depgine we mazmuna eýe bolan strategik hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär.
Irden döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň Halkara howa menzilinden Nýu-Ýorka tarap ugrady. Hormatly Prezidentimiziň uçary birnäçe sagat uçandan soň, Jon Kennedi adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi resmi adamlar garşyladylar.
Howa menzilinden milli Liderimiz sapar wagtynda “Mandarin Oriental” diýen ajaýyp myhmanhanada ýerleşen özi üçin niýetlenen kabulhana tarap ugrady. Bu kabulhana Manhetteniň merkezinde ýerleşýär. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary, şeýle hem milli türkmen lybasyndaky çagalar mähirli garşyladylar. Çagalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gül desselerini gowşurdylar. Milli Liderimiz mähirli garşylanandygy üçin minnetdarlyk bildirip, joşgunly goşgy okan çagalar bilen gürrüňdeş boldy.
Döwlet Baştutanymyz özi üçin niýetlenen kabulhanadan çykyp, Birleşen Milletler Guramasynyň edara binasyna tarap ugrady.
Möhüm meseleleriň we häzirki döwrüň müşgüllikleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýelemek bilen, Bitarap Türkmenistan sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy berkitmek, Durnukly ösüşiň maksatlaryny gazanmak boýunça umumy tagallalara uly goşant goşýar. Dünýäniň syýasy, ykdysady we hukuk giňişligine üstünlikli goşulmak bilen, biziň ýurdumyz öz baý ylalaşdyryjylykly we döredijilikli kuwwatyny tutuş adamzadyň bähbidine amala aşyrmaga çalyşýar. BMG-niň esasy ýöriteleşdirilen edaralary we degişli düzümleri bilen, ýola goýlan netijeli gatnaşyklar munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýlelikde, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky maslahatynyň işine gatnaşmagyna BMG-niň doly hukukly agzasy hökmünde yzygiderli işiň dowamy hökmünde garaýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň edara binasyna gelip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynyň Başlygy hanym Mariýa Fernando Espinosa Garses (Ekwador Respublikasy) bilen duşuşdy.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy belent mertebeli myhmany mübärekläp, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk meselelerinde ýurdumyzyň işjeň ornuny belledi, türkmen Lideriniň alyp barýan netijeli syýasaty munuň şeýle bolmagyna ýardam edýär. Bu syýasat Merkezi Aziýada hoşniýetli goňşuçylyk we durnuklylyk ýagdaýyny saklamagyň, ählumumy parahatçylygy we abadançylygy üpjün etmegiň täsirli şerti bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, hanym Mariýa Fernando Espinosa Garsesi jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de Türkmenistanyň öz hemişelik Bitaraplyk derejesini iş ýüzünde yzygiderli amala aşyrmak bilen, tutuş dünýä bilen netijeli gatnaşyklary ösdürip, goňşy ýurtlar, şeýle hem dünýäniň beýleki sebitlerinde ýerleşen döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary berkidýändigini belledi. Şunda biziň ýurdumyz BMG bilen uzak möhletleýin häsiýete eýe bolan, däbe öwrülen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi we esasy ugurlary barada pikir alşyldy. Bu hyzmatdaşlyk häzirki döwürde köpýyllyk baý tejribä daýanyp, hil taýdan täze derejä çykdy. Soňky ýyllarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň artýan depgini, belli bir maksada gönükdirilmegi we anyklygy bilen tapawutlanýar. Munuň şeýledigini BMG-niň iri düzümleri bilen netijeli gatnaşyklar tassyklaýar, şolar bilen bilelikde, dürli ugurlarda taslamalar üstünlikli amala aşyryldy we durmuşa geçirilýär.
Biziň ýurdumyzyň BMG-niň esasy edaralarynyň biriniň — Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) düzümine 2019 — 2021-nji ýyllar üçin saýlanylmagy şonuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Munuň özi möhüm wezipeleriň we häzirki döwrüň meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň eýýäm Milletler Bileleşiginiň abraýly düzümleriniň, şol sanda EKOSOS-nyň düzümine (2013 — 2015-nji ýyllar) birnäçe gezek saýlanmagyny, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygynyň orunbasarlygyna saýlanmagyny bellemek guwançlydyr. Häzir biziň ýurdumyz BMG-niň komissiýalarynyň, komitetleriniň we geňeşleriniň birnäçesiniň agzasy bolup, şolaryň çäklerinde degişli halkara işlerini amala aşyrýar.
Türkmen döwleti Birleşen Milletler Guramasynyň esasy konwensiýalaryna we resminamalaryna goşulyp, öz üstüne alan borçnamalaryny üýtgewsiz ýerine ýetirýär, öz ylalaşdyryjylyk we döredijilik kuwwatyny Durnukly ösüşiň ählumumy maksatlaryny gazanmaga gönükdirmäge taýýardygyny görkezýär.
DÖM-ni milli derejede uýgunlaşdyran ilkinji ýurtlaryň biri bolmak bilen, Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini amala aşyrmaga işjeň gatnaşýar hem-de bu işi yzygiderli dowam edip, toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalary işläp taýýarlamakda we durmuşa geçirmekde maksatlaryň esasy ölçeglerini we görkezijilerini ulanýar.
DÖM-ni amala aşyrmak boýunça wezipeleriň çözülmegi ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, ulag-aragatnaşyk pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, Owganystany parahatçylykly dikeltmek hem-de onuň dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagy, ekologiýa ulgamynda, şol sanda Milletler Bileleşiginiň goldawyna we ykrar etmegine eýe bolan howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmekde umumy tagallalary birleşdirmek boýunça ýurdumyzyň halkara başlangyçlara gös-göni ýardam etmäge gönükdirilendir.
Saglygy goraýyş ulgamy DÖM-niň aýrylmaz bölegi bolup, ony has-da kämilleşdirilmek we ösdürilmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň degişli düzümleriniň ýolbaşçylary BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda umumy çekişmeleriň çäklerinde, 26 — 27-nji sentýabrda Nýu-Ýorkda geçirilen inçekeseli ýok etmek hem-de ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça ýokary derejeli maslahatlara gatnaşdy.
Sebitde Milletler Bileleşiginiň ygtybarly daýanç nokady, deňi-taýy bolmadyk düzümiň — BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň Aşgabatda açylmagy ýurdumyz bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýedigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky däbe öwrülen gatnaşyklaryň geljekde hem özüne mahsus bolan özara düşünişmek hem-de anyk netijeleri ugur edinýän netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge özara gyzyklanma bildirmek ýagdaýynda üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Soňra milli Liderimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatyna gatnaşdy.
BMG-niň Tertipnamasyna laýyklykda, 1945-nji ýylda döredilen Baş Assambleýa Birleşen Milletler Guramasynyň esasy maslahat beriji, karar çykaryjy we wekilçilikli edarasy hem-de hemişelik hereket edýän köpugurly halkara forum bolup durýar. Onuň düzümine BMG-niň agza döwletleriniň 193-siniň hemmesi girýär.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky maslahatynyň gün tertibi dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, ählumumy howplara we wehimlere garşy durmak, durnukly ösüşi ilerletmek, saglygy goraýyş, ekologiýa we daşky gurşaw ýaly möhüm ugurlar bilen bagly meseleleriň giň toparyny öz içine alýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň belent münberinden çykyş edip, sebitiň we dünýäniň möhüm meseleleri boýunça ýurdumyzyň ileri tutýan ugurlaryny, şeýle hem ählumumy abadançylygyň we rowaçlygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlary beýan etdi.
Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň başynda hanym Mariýa Fernando Espinosa Garsesi BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynyň Başlygy wezipesine saýlanmagy bilen gutlap, oňa öňdäki jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi, şeýle hem 72-nji maslahatyň Başlygy jenap Miroslaw Laýçaga bu wezipede ýerine ýetiren netijeli işleri üçin minnetdarlyk bildirdi.
Milli Liderimiz ählumumy foruma gatnaşyjylara ýüzlenip, Baş Assambleýanyň şu gezekki maslahatynyň halkara syýasatynda çylşyrymly meýilleriň dowam edýän ýagdaýynda geçýändigini belledi. Dünýä bileleşiginiň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň tagallalaryna garamazdan, Ýer ýüzüniň birnäçe sebitlerinde ýagdaý çylşyrymly bolmagynda galýar, gapma-garşylyk zolaklarynyň giňelýändigi duýulýar hem-de şol wagtyň özünde ählumumy ösüşiň ýollaryna we mümkinçiliklerine garaýyşlarda ynamyň we özara düşünişmegiň umumy derejesi peselýär.
Şeýle şertlerde ählumumy, ygtybarly we uzak möhletleýin howpsuzlygy üpjün etmek meselesi bütin äşgärligi we ýitiligi bilen örboýuna galýar, her bir döwletiň üstüne dünýäniň ykbaly üçin jogapkärçiligi ýükleýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Biz özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, parahatçylykly, syýasy gepleşikler ýörelgelerinde halkara tertibiniň binýatlaryny gorap saklamakda esasy we aýgytlaýjy orny Birleşen Milletler Guramasy eýelemelidir diýip hasap edýäris. BMG-niň şeýle wezipä eýe bolmagynyň hakykata laýyk gelýändigi şübhe astyna alnyp bilinmez. BMG halkara howpsuzlygyny we durnukly ösüşi pugtalandyrmagyň bähbidine köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy üpjün etmäge ukyply ýeke-täk halkara guramasydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan Baş Assambleýanyň şu gezekki maslahatynyň özara ynamyň pese gaçmagyny ýeňip geçmäge hem-de agza döwletleriň özara düşünişmegini berkitmäge ýardam berjekdigine umyt edýär.
Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyz 2019-njy ýyly Parahatçylyk we Abadançylyk şygary astynda geçirmek başlangyjy bilen çykyş edýär.
Biziň bu başlangyjymyz dartgynlylygyň peseldilmegine, jedelli meseleleriň we gapma-garşylyklaryň parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar bilen çözülmegine, bu babatda jogapkärçilikli hem-de oýlanyşykly çözgütleriň kabul edilmegine gönükdirilen anyk çäreleriň işlenip taýýarlanylmagyny göz öňünde tutýar.
Uzak möhletleýin we ählumumy howpsuzlygyň üpjün edilmegi Merkezi Aziýa döwletleri üçin örän möhüm mesele bolup durýar. Terrorçylyga garşy göreş sebit gün tertibiniň örän möhüm ugrudyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Ýaragsyzlanmak meseleleri, neşe serişdeleriniň getirilmegine garşy göreş, Owganystana hemmetaraplaýyn ykdysady goldaw bermek boýunça hyzmatdaşlyk Merkezi Aziýada howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi babatynda örän wajypdyr.
Şunda, biziň pikirimizçe, Owganystanyň iri energetika, ulag we kommunikasiýa taslamalaryny amala aşyrmaga doly derejeli hyzmatdaşyň hukuklarynda gatnaşdyrylmagy möhüm şert bolup durýar. Şeýle ýagdaýda Owganystan üçin strategik mümkinçilikleri görýäris, onuň sebit we ählumumy işlerde eýeleýän orny owgan halkynyň abadançylygynyň we ösüşiniň kepili bolup durýar diýip, milli Liderimiz belledi.
Biziň ýurdumyz bu ugurda yzygiderli işleri geçirmek bilen, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrýar, elektrik geçiriji, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygyny alyp barýar, bu taslamalar halkara hyzmatdaşlary we iri maliýe edaralary tarapyndan goldanyldy. Şeýle hem owgan ugry boýunça täze demir ýoly guruldy. Biz Owganystana durmuş maksatly desgalary gurmak, ynsanperwer ýüklerini ibermek, Owganystanyň ykdysadyýetiniň we durmuş ulgamynyň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli milli işgärleri taýýarlamak arkaly ynsanperwer kömegini bermegi dowam edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny dowam edip, Türkmenistanyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň işlenip taýýarlanylmagyna işjeň gatnaşandygyny, birnäçe anyk teklipleri girizendigini belledi. 2015-nji ýylda Bütindünýä sammitinde ählumumy Gün tertibi we Durnukly ösüş maksatlary kabul edilenden soňra biziň ýurdumyz ilkinjileriň hatarynda durnukly Ösüş Maksatlaryny milli meýilnamalara we durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalara kybap getirmäge girişdi. Munuň üçin ýurdumyzda BMG bilen hyzmatdaşlyk etmegiň degişli hemişelik hereket edýän guraly döredildi.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagy äşgär duýulýan durmuş ugruna eýedigini nygtady. Gürrüň, azyk howpsuzlygyny we ilatyň iýmitiniň gowulandyrylmagyny, ähli ýerlerde sagdyn durmuş ýörelgesiniň, ähli zenanlar we gyzlar üçin hukuklaryň we mümkinçilikleriň kepillendirilmegi, giň gerimli, adalatly we ýokary hilli bilim almak üçin şertleriň döredilmegi arkaly doly gender deňligini üpjün etmek ýaly möhüm ugurlar barada barýar. Şunuň bilen birwagtda suw serişdeleriniň elýeterli bolmagyny hem-de rejeli peýdalanylmagyny we hemmeler üçin arassaçylyk kadalarynyň üpjün edilmegi ýaly wezipäniň durmuşa geçirilmegine uly üns berilýär.
Türkmenistan suw — dünýäniň ähli halklarynyň umumy baýlygy, arassa agyz suwuna deň derejeli we adalatly elýeterlilik şertleri bolsa adamyň düýpli hukugy bolup durýar diýen ýörelgelere berk eýerýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Suw serişdelerine elýeterlilik, ony netijeli dolandyrmak meselelerine döwletleriň ösüşi, ykdysadyýeti, durmuş ulgamy, adamlaryň abadançylygynyň we durmuşynyň hil derejesi gönüden-göni baglydyr. Şol sebäpli hem deňhukuklylyk, hormat goýmak, jogapkärçilik Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklarda esas goýujy, kesgitleýji ölçegler bolmalydyr.
Türkmenistan şu garaýyşlar bilen yzygiderli çykyş edip, hemişe biziň sebitimizde suw-energetika meseleleriniň aşakda beýan edilen şertlerde çözülmelidigini nygtaýar: birinjiden, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda; ikinjiden, her bir ýurduň bähbitlerini hasaba almak bilen; üçünjiden, halkara guramalarynyň, ozaly bilen, BMG-niň işjeň gatnaşmagynda. Bu biziň üýtgewsiz garaýyşlarymyzdyr hem-de olara esaslanmak bilen biz döwletleriň we halkara düzümleriň arasynda ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamak üçin netijeli gepleşikleri ýola goýmak boýunça işi dowam ederis. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, diňe şeýtmek bilen, oňyn netijeleri gazanmagyň, bähbitleriň berk we durnukly deňeçerligini üpjün etmegiň mümkindigine ynam bildirdi.
Türkmen Lideri Aral deňzini halas etmek meselesini sebitiň ýurtlarynyň halkara bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynda örän möhüm meseleleriň hatarynda görkezdi. Araly halas etmek meselesine eýýäm köp wagtdan bäri diňe içerki, sebit meselesi hökmünde garalyp bilinmez. Häzirki wagtda bu meseläniň üstünlikli çözülmegi üçin dünýä bileleşiginiň goldawy, täze maksada gönükdirilen, toplumlaýyn halkara çemeleşilmesi, bu işe Birleşen Milletler Guramasynyň işjeň we ulgamlaýyn gatnaşmagy talap edilýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, biz Türkmenistanyň Aral deňzi sebiti üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak hem-de Aral meselesini Birleşen Milletler Guramasynyň alyp barýan işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemek baradaky başlangyjyny durmuşa geçirmäge girişdik diýip, milli Liderimiz belledi hem-de BMG-ä agza döwletleri türkmen tarapynyň teklibini goldamaga çagyryp ýüzlendi. Munuň üçin şu ýylyň 18-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” diýen Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi netijeli binýat bolup durýar.
Hazar deňzi ýene bir möhüm mesele bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şu ýylyň 12-nji awgustynda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky Konwensiýa gol çekmegi bu sebiti halkara ähmiýetli ulag-üstaşyr we energetika strategik geçelgeleriniň birine, giň maýa goýum, söwda, ykdysady iş we goşulyşmak merkezine öwürmek üçin giň mümkinçilikler açýar.
Türkmenistan ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen bu ulgamlarda ykdysady we täjirçilik babatynda doly esaslandyrylan, olara gatnaşyjylar üçin bähbitli, yklymda howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna düýpli täsir etmäge ukyply hem-de uzak möhletleýin häsiýetli taslamalary amala aşyrmak meselelerini içgin ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr. Şunuň ýaly taslamalara maýa goýumlary, hakykatdan-da, geljek üçin maýa goýumlarydyr diýip aýtmak bolar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Biz Türkmenistanda işleýän BMG-niň ýöriteleşdirilen agentlikleriniň ýurdumyzyň durmuşyna, onuň okgunly ösüşine we abadançylygyna netijeli gatnaşýandyklaryna ýokary baha berýäris diýip, türkmen Lideri aýtdy hem-de olaryň tutanýerli zähmeti üçin bu edaralaryň işgärlerine aýratyn minnetdarlyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda şeýle hem BMG-niň Baş sekretary jenap Antoniu Guterreşe Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga hut özüniň ýadawsyz üns berýändigi, türkmen tarapynyň başlangyçlaryny we tekliplerini goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Türkmen Lideriniň çykyşy çuňňur gyzyklanma bilen diňlenildi we hemmeleriň el çarpyşmalary bilen garşylandy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatyna gatnaşmagynyň çäklerinde, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterreş bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we BMG-niň strategik esasda netijeli, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek ýörelgesine ygrarlydygy tassyklanyldy.
Soňra milli Liderimiz sapar mahalynda özi üçin niýetlenen kabulhanasyna tarap ugrady.
Şol gün BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda umumy çekişmeleriň çäklerinde iş maslahaty geçirildi. “Ählumumy bähbitler ugrunda suwdan peýdalanmak: ýapyk deňizler babatda Durnukly Ösüş Maksatlaryna esaslanyp, halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi” diýen iş maslahaty, Aral deňzini halas etmegiň meselelerine bagyşlandy. BMGÖM-iň ýardam bermeginde guralan foruma ýurdumyzyň hökümet wekiliýetiniň, AHHG-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň agzalary gatnaşdylar.
***
Şeýlelikde, milli Liderimiz BMG-niň belent münberinden Türkmenistanyň halkara gatnaşyklara işjeň gatnaşmaga hem-de olaryň ösmegine oňyn täsir etmäge çalyşmak bilen, DÖM-ne ýetmek babatda netijeli gatnaşyklara ygrarly bolup galýandygyny beýan etdi, şeýle hem gyzyklanma bildirýän taraplar bilen ykdysady hyzmatdaşlygyň hem-de ynsanperwer gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny aňlatdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýyly Parahatçylygyň we Abadançylygyň şygary astynda geçirmek hakynda teklibi 2018-nji ýylyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen milli şygarynda goýlan esasy ählumumy görnüşde dowam edýär.
Türkmenistan diňe iri ulag desgalarynyň we üstaşyr geçelgeleriň gurluşygynda amala aşyrmak bilen çäklenmeýär. Biziň Garaşsyz, döwletimiz tutuş adamzat üçin ajaýyp geljegi döretmegiň bähbidine halklaryň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ruhy gatnaşyklary ösdürmäge we berkitmäge uly goşant goşýar.
Bu babatda Beýik Ýüpek ýoly aýratyn ähmiýete eýe bolýar, ol birek-biregiň gymmatlyklaryna hormat goýmak ýörelgelerinde halklary we medeniýetleri ýakynlaşdyrmagy ugur edinýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan öz mirasyna aýawly garamagyň mysalyny tutuş dünýä görkezýär, dünýä meşhur türkmen halylary, ahalteke bedewleri, gadymy ýadygärlikler we täsin tapyndylar şol mirasyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Soňky ýyllarda medeni gatnaşyklaryň artmagynyň çäklerinde ýurdumyzyň muzeý gymmatlyklary milli Liderimiziň başlangyjy bilen daşary ýurtlarda görkezilip, milli baýlygymyzy giňden ýaýmaga ýardam edýär.
Üç aýyň dowamynda Nýu-Ýorkuň Metropoliten muzeýinde 2016-njy ýylda guralan “Köşk we köşk ulgamy: Seljuklaryň beýik eýýamy” atly sergi munuň mysaly bolup, oňa ABŞ-a şu saparyň çäklerinde türkmen resmi wekiliýetiniň agzalary baryp gördüler. Serginiň eksponatlary beýik Seljuklaryň döwletiniň ojagynda — gadymy Merwde sungatyň ösüş derejesi hakynda gürrüň berýän türkmen muzeýleriniň gymmatlyklaryndan ybaratdyr.
Medeniýet ulgamynda döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegi hökmünde muzeý işini has-da kämilleşdirmegiň meseleleri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üns merkezinde durýar. Hormatly Prezidentimiz biziň taryhy-medeni gymmatlyklarymyz diňe milli däl-de, eýsem, umumadamzat ähmiýetine eýe bolup durýar diýip belleýär. Bu mirasy, medeniýet we taryhy ýadygärlikleri aýawly saklamak we öwrenmek boýunça möhüm wezipeleri çözmäge döwletimiziň howandarlygy, şeýle hem bu ugurda abraýly halkara guramalary hem-de dünýäniň iri muzeýleri bilen hyzmatdaşlyk ýardam edýär.
Şu ýyl şeýle çäreleriň ýene-de biri: “Marguş — Türkmenistanyň çägindäki bürünç eýýamynyň şalygy” diýen sergi Germaniýada geçirilýär. Bu ýerde ol bir ýyldan gowrak dowam eder. Häzir sergi Berlinde bolup, tiz wagtdan Gamburga, soňra bolsa, 2019-njy ýylyň iýun aýyna çenli Mangeým şäherine göçüp barar.
Türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasy ýurdumyzy täzeden tutuş dünýä açýan alamat bolmak bilen, ähli hyzmatdaşlar bilen deňhukukly we ynamly gatnaşyklary ýola goýup, Beýik Ýüpek ýolunyň ruhy, ykdysady, ynsanperwer ugurlaryny dowam edýär.
Sebitde we yklymda ulag gatnawlaryny ösdürmek boýunça netijeli halkara başlangyçlary, ekologiýa gatnaşyklaryny, ählumumy energiýa howpsuzlygyny berkitmek boýunça teklipleri öňe sürmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň baş şygaryny dünýä ýüzüne ýaýýar: goşulyşmak ählumumy rowaçlygyň we parahatçylygyň girewi bolup durýar.
/ Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi /