TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝHHG-NIŇ MILLI AZLYKLARYŇ IŞLERI BOÝUNÇA ÝOKARY KOMISSARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary Komissary (MAÝK) Lamberto Zanniýeriň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda türkmen tarapy Türkmenistan hem-de MAÝK-ň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň netijeliligini belledi we ony mundan beýläk hem giňeltmäge taýýardygyny aýtdy. Taraplar milli azlyklaryň we Türkmenistanda etnikiara gatnaşyklaryna degişli soraglar boýunça pikir alyşdylar.
Soňra taraplar adam hukuklary babatda hereket edýän meýilnamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, etnikiara gatnaşyklarynyň jähtleri bilen bagly soraglara seredildi.
Mundan başga-da, wekiliýetler türkmen tarapyndan milli azlyklara bilim bermek bilen bagly bilim pudagynda ýerine ýetirilýän işleriň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň meselelerini hem ara alnyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň bilim boýunça sebitleýin Maksatnamasyna işjeň gatnaşygy bellenildi.
/ Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi /