HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ WE PREZIDENT ILHAM ALIÝEWIŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER

Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.
Irden Azerbaýjanyň Baştutanynyň awtoulag kerweni motosikletçiler toparynyň ugratmagynda Garaşsyzlyk meýdançasyna geldi. Bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi taýdan garşylamak dabarasy boldy.
Azerbaýjanyň Prezidentini Türkmenistanyň Prezidenti mähirli garşylady. Iki ýurduň Liderleri dostlarça salamlaşyp, ýörite bellenen ýere barýarlar.
Hormat garawuly rotasynyň başlygy dabaraly hasabat berýär. Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýerine ýetirilýär. Iki ýurduň Liderleri Hormat garawulynyň esgerleriniň öňünden geçýärler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow azerbaýjanly kärdeşini Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Belent mertebeli myhman ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary bilen hem tanyşýar. Öz nobatynda, Prezident Ilham Aliýew Türkmenistanyň Baştutanyny Azerbaýjanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar.
Dabaranyň ahyrynda Hormat garawulynyň esgerleri Garaşsyzlyk meýdançasyndan dabaraly ýöräp geçýärler.
Soňra döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni atlylar toparynyň ugratmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguzhan” köşkler toplumyna tarap ugraýar.
Bu ýerde, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, ýokary derejede ikiçäk gepleşikler geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany tüýs ýürekden mübärekläp, azerbaýjanly kärdeşine döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly üns berýändigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Gadymdan gelýän dostluk däpleri, iki goňşy halky birleşdirýän taryhy-medeni we ruhy umumylyk şol gatnaşyklaryň esasyny düzýär.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan we Azerbaýjan halkara giňişlikde hem üstünlikli gatnaşyk edip, sebit hem-de ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça garaýyşlarynyň umumylygyny görkezýärler. Döwlet Baştutanymyz türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň bu berk binýada esaslanmak hem-de ägirt uly kuwwata eýe bolmak bilen, mundan beýläk-de umumy abadançylygyň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň yglan eden Durnukly ösüşiň maksatlaryny gazanmagyň bähbidine üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Prezident Ilham Aliýew Aşgabada resmi sapar bilen gelip görmäge çakylygy hem-de myhmansöýerlik üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň mümkinçiliklere eýedigini belledi. Şol mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak gadymy döwürlerden bäri hoşniýetli goňşuçylyk we ruhy garyndaşlyk däpleri bilen baglanyşan doganlyk halklarymyzyň bähbitlerine laýyk gelýär.
Azerbaýjanda dostlukly Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine tüýs ýürekden guwanýarlar diýip, belent mertebeli myhman aýtdy we öz saparynyň ähli ugurlar boýunça netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilendigini nygtady. Azerbaýjanyň Baştutany türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýedigini belläp, ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň çäklerinde mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Dostlukly we özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň barşynda iki döwletiň Baştutanlary türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Häzirki döwürde şol gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykyp, strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe boldy. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew deňhukuklylyk, özara bähbitlilik hem-de uzak möhletleýinlik ýörelgelerinde guralýan hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna ünsi çekip, özara gatnaşyklaryň köpugurly kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýändigini bellediler.
Taraplar şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde — iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewi we onuň ýanyndaky wekiliýetiň agzalaryny mähirli mübärekläp, Türkmenistana resmi sapar bilen gelip görmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin azerbaýjanly kärdeşine minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyz bu sapara uly ähmiýet bermek bilen, oňa hoşniýetli goňşuçylygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny berkitmek, birek-biregi hormatlamak, söwda-ykdysady hem-de ynsanperwer-medeni hyzmatdaşlygy giňeltmek we ösdürmek, halkara giňişlikde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça özara gatnaşyklaryň dowamy hökmünde garaýar.
Döwletara syýasy gatnaşyklar barada aýdylanda, bu gatnaşyklar ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri, ilkinji nobatda bolsa, sebitde hem-de tutuş dünýäde durnuklylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi ýaly ugurlar boýunça çemeleşmeleriň gabat gelýändigi ýa-da meňzeşdigi bilen tapawutlanýar. Biz Azerbaýjana Bitarap Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny hemişe goldaýandygy üçin minnetdardyrys diýip, döwlet Baştutanymyz iki ýurduň hem abraýly guramalaryň, şol sanda BMG-niň we ÝHHG-niň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek bilen dünýä giňişliginde birek-biregi hemişe goldaýandygyny nygtady. Biziň ýurtlarymyz geljekde-de terrorçylyk, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy, serhetüsti jenaýatçylyk ýaly häzirki zamanyň wehimlerine we howplaryna garşy durmakda hyzmatdaşlygy dowam etmäge ygrarlydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazarda hyzmatdaşlyk meselesi barada durup geçmek bilen, ýakynda kenarýaka döwletleri tarapyndan kabul edilen Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýanyň ähmiýetini belledi. Bu resminama hem türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryny giňeltmek, parahatçylyk, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk deňzi hökmünde Hazaryň derejesini berkitmek boýunça tagallalary birleşdirmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.
Milli Liderimiz ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklar baradaky meselelere geçip, olary ösdürmekde we harytlaryň sanawyny giňeltmekde bilelikdäki Hökümetara toparyň eýeleýän ornuny belledi, şeýle hem özara haryt dolanyşygynyň okgunly depginini kanagatlanma bilen nygtady. Şu ýylyň dokuz aýynyň görkezijileri munuň şeýledigine şaýatlyk edip, olar öňki ýyllaryň görkezijilerinden ýokarydyr.
Dürli pudaklarda, şol sanda oba hojalygynda, gurluşykda, senagatda hyzmatdaşlygyň oňyn meýilleri göze ilýär. Türkmenistan öňdebaryjy tehnologiýalar babatda hem Azerbaýjan bilen gatnaşyklara gyzyklanma bildirýär, munuň özi sanly ykdysadyýete geçmek boýunça ählumumy işler bilen baglylykda möhüm bolup durýar.
Ulag ulgamy türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolup, bu ugurda üstaşyr-ulag we logistika düzümini döretmek we ösdürmek boýunça tagallalary birleşdirmek üçin uly mümkinçilikler açylýar. Döwlet Baştutanymyz bu barada aýtmak bilen, Ýewropa çykýan Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe (Lazurit) ulag geçelgesi boýunça gol çekilen ylalaşygy anyk mysal hökmünde getirdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli halkara düzümler — TRASEKA, halkara awtomobil ulaglary birleşigi (IRU) ýaly düzümler bilen netijeli gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny belledi.
Edil Türkmenistan ýaly, Azerbaýjan hem bu ugurda döwrebap düzüme, hususan-da, port düzümine eýe bolup durýar. Munuň özi awtomobil-parom hem-de demir ýol-parom gatnawlary, köpugurly logistika ulgamy boýunça netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin mümkinçilikleri şertlendirýär.
Energetika pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin kuwwatly ätiýaçlyklar bolup, biz bu meselede goşulyşmak ugrunda, şol sanda sebit derejesinde birleşmek ugrunda çykyş edýäris diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi. Şunda energiýa serişdelerini eksport etmegiň köpugurly ulgamyny döretmek hem-de halkara bazarlara bilelikde çykmak boýunça oňat mümkinçilikler açylýar.
Ynsanperwer ulgam döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz hem-de möhüm bölegi bolup durýar, ol biziň halklarymyzy birleşdirýän taryhy we ruhy kökleriň, medeni däpleriň ýakynlygy bilen şertlendirilendir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Häzirki wagtda biz bilim we ylym ulgamlarynda özara gatnaşyklary has-da ösdürmäge, syýahatçylyk hem-de sport ugurlary boýunça gatnaşyklary berkitmäge uly ähmiýet berýäris. Bularyň hemmesi doganlyk türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryna kybap gelýär hem-de geljekki nesilleriň bähbidine hyzmat eder.
Türkmenistanda hem, Azerbaýjanda hem halyçylygyň milli sungatyny aýawly saklamak we ösdürmek meselelerine uly üns berilýär. Bu babatda halylaryň özara sergilerini guramak, şeýle hem bu ugurdan halkara maslahaty geçirmek hakynda teklipler möhüm bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Milli Liderimiz ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky gürrüňe gaýdyp gelmek bilen, häzir iki ýurduň telekeçileriniň arasynda, hususan-da, kiçi we orta telekeçilik babatda işewür gatnaşyklary giňeltmek üçin oňat şertleriň bardygyny belledi. Şu gün gol çekmek üçin taýýarlanan resminamalaryň biri muňa ýardam etmäge gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz hyzmatdaşlyga şunuň ýaly çemeleşme üçin azerbaýjan tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Şeýlelikde, Türkmenistan we Azerbaýjan netijeli hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlylygy görkezýärler, bu hyzmatdaşlyga hoşniýetli goňşuçylyk, birek-biregi hormatlamak we ynanyşmak ruhy mahsusdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Azerbaýjanyň Baştutanynyň şu saparynyň gepleşikleriň gün tertibine girizilen ähli meseleler boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklara täze kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirmek bilen, Türkmenistanyň Baştutany belent mertebeli myhmana jan saglygyny hem-de döwlet işinde üstünlikleri, Azerbaýjanyň doganlyk halkyna bolsa ähli gowulyklary arzuw etdi.
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine söz berilýär. Goňşy döwletiň Baştutany bildirilen myhmansöýerlik üçin türkmen Liderine ýene-de bir gezek hoşallyk sözlerini aýdyp, dostlukly Türkmenistanyň topragynda ýene-de bolýandygyna şatdygyny belledi. Belent mertebeli myhmanyň nygtaýşy ýaly, düýn ol ýurdumyzyň yzygiderli we ynamly ösüşine şaýatlyk edýän gazananlary bilen tanyşmaga mümkinçilik aldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de ähli doganlyk türkmen halkyny döredijilik ýolunda gazanylan täsir galdyryjy uly üstünlikler bilen gutlap, Prezident Ilham Aliýew Azerbaýjanyň hem häzirki sapara möhüm ähmiýet berýändigini aýtdy. Belent mertebeli myhman şu günki gepleşikleriň netijeleri boýunça resminamalaryň uly toplumyna gol çekilmeginiň meýilleşdirilýändigini belläp, şolaryň öz wagtynda amala aşyrylyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin has oňat şertleri döretjekdigine ynam bildirdi.
Azerbaýjan Türkmenistan bilen gatnaşyklara uly üns berýär. Şol gatnaşyklaryň binýady taryhyň, ruhy-medeni kökleriň umumylygyna, iki goňşy halkyň ýakynlygyna esaslanandyr. Biziň ýurtlarymyz döwletara hyzmatdaşlygyň mümkinçiligini artdyryp, birek-biregi goldamak bilen halkara düzümlerde hem işjeň özara hereket edýärler. Bu bolsa sebit howpsuzlygynyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär. Häzirki wagtda bu meseleler aýratyn möhüm häsiýete eýe bolýar. Şoňa görä-de, häzir Azerbaýjanyň hem, Türkmenistanyň hem durnukly ösüşiň ýokary derejesini görkezýändigi örän wajypdyr, munuň özi olaryň saýlap alan ugrunyň dogrudygyna şaýatlyk edýär diýip, Prezident Ilham Aliýew belledi.
Türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygy giň gerimli ugurlara eýedir. Şu gün hem ikiçäk görnüşdäki duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ençeme möhüm meselelerine garaldy, şolaryň ara alnyp maslahatlaşylmagy wekiliýetleriň gatnaşmagynda dowam etdiriler diýip, belent mertebeli myhman aýtdy. Geljekde gatnaşyk etmegiň esasy ýörelgeleri hem-de ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi diýip, azerbaýjan Lideri sözüni dowam etdi hem-de özara haryt dolanyşygyny has-da artdyrmak, türkmen harytlarynyň Azerbaýjana we azerbaýjan harytlarynyň Türkmenistana eksport edilişini köpeltmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, Prezident Ilham Aliýew türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň gazanylan ylalaşyklary yzygiderli durmuşa geçirmek maksady bilen bilelikdäki hökümetara toparyň işini işjeňleşdirmek baradaky teklibini goldap çykyş etdi.
Goňşy döwletiň Baştutany ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlaryny kesgitleýän gol çekmäge taýýarlanylan resminamalar baradaky gürrüňe dolanyp gelip, şolary amala aşyrmak üçin hereket etmegiň meýilnamasyny işläp taýýarlamagyň zerurdygyny belledi. Türkmenistan we Azerbaýjan tebigy serişdeleriň, şol sanda uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýedir. Şoňa görä-de, energetika ulgamy ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar. Azerbaýjan türkmen energiýa serişdelerini üstaşyr ibermek mümkinçiligini hödürleýär.
Belent mertebeli myhman ulag ulgamyny türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitläp, hökümet wekiliýetiniň hatarynda Azerbaýjanyň ähli ulag düzümleriniň ýolbaşçylarynyň bardygyny belledi. Olar eýýäm türkmen kärdeşleri bilen işjeň iş alyp barýarlar.
Azerbaýjan Lideri aýdanlaryny jemläp, şu günki duşuşygyň barşynda ileri tutulýan we ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn, şol sanda sebit hyzmatdaşlyk meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny nygtady. Şunda umumy bähbitlere kybap gelýän tagallalary netijeli birleşdirmek üçin amatly mümkinçilikler bar.
Prezident Ilham Aliýew geçirilen gepleşiklere doly kanagatlanma bildirýändigini aýdyp, umuman, şu saparyň netijeleriniň iki ýurduň we olaryň halklarynyň has-da ýakynlaşmagyna hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. Azerbaýjanyň Baştutany mähirli kabul edişlik üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk hem-de giň gerimli işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we ösüş arzuw etdi.
Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Telekeçiler (iş berijiler) guramalarynyň milli konfederasiýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi bilen «Azerbaýjanyň demir ýollary» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň arasynda ulag we üstaşyr geçirmek meseleleri boýunça Ylalaşyga, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň arasynda Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri babatda deslapky maglumatlary alyşmagy guramak hakynda Ylalaşyga, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň ýanyndaky «ADA» uniwersitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň ýanyndaky «ADA» uniwersitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň çägi bilen halkara gatnawlara gatnaşyjylar üçin wiza düzgünlerini ýeňilleşdirmek boýunça Ylalaşyga, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy bilen «Azerbaýjanyň Hazar Deňiz Gämiçiligi» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň arasynda deňiz söwda gämi gatnawyny ösdürmek hakynda Ylalaşyga, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen «Baku Halkara Deňiz Söwda Porty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň arasynda maglumatlary awtomatlaşdyrylan usulda alyşmak hakynda Ylalaşyga, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy bilen «Baku Halkara Deňiz Söwda Porty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň arasynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň we Baku Halkara deňiz söwda portunyň arasynda ýük geçirmeleriniň mukdaryny artdyrmak hakynda Ylalaşyga, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda iki ýurduň portlaryndan deňiz ulagy arkaly geçýän halkara gatnawlary ösdürmek hakynda Ylalaşyga, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Ulag, aragatnaşyk we ýokary tehnologiýalar ministrliginiň arasynda halkara awtomobil gatnawlaryny ösdürmek hakynda Ylalaşyga, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ulag babatda hyzmatdaşlyk etmegiň 2019 — 2022-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda senagat babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2019 — 2021-nji ýyllarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Maksatnama, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda uzak möhletli söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlaryny höweslendirmek we özara goramak hakynda Ylalaşyga, Girdejiler we emläk üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ylym, bilim, medeniýet we sungat babatda hyzmatdaşlyk etmegiň 2019 — 2021-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ulag, üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan bilelikdäki toparyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekilýär.
Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew Bilelikdäki Beýannama gol çekýärler.
Döwletara gatnaşyklaryň kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň üstüni ýetiren bu köp sanly resminamalar Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň köp ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeň ösdürmek, doganlyk halklarymyzy birleşdirýän, gadymy döwürlerden bäri dowam edýän dostlugy hem-de hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmak meýliniň bardygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Soňra iki döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatdaky ýokary derejedäki duşuşygyň netijelerini teswirläp, geçirilen gepleşikleriň netijeli bolandygyny belledi, şol gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlaryna, şolaryň ýagdaýyna we mümkinçiliklerine, şeýle hem sebit we dünýä gün tertibiniň meselelerine seredildi.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň halkara meseleler boýunça, ilkinji nobatda, diňe bir sebitde däl-de, eýsem, tutuş dünýäde durnuklylygy we howpsuzlygy saklamak babatda garaýyşlarynyň birmeňzeşdigini ýa-da ýakyndygyny nygtamak bilen, azerbaýjan tarapyna ýurdumyzyň ähli başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Şol başlangyçlar Bitaraplyk derejesine esaslanan daşary syýasat ýörelgesinden ugur alýar. Türkmenistan hem öz tarapyndan doganlyk Azerbaýjany hemişe goldaýar.
Iki goňşy ýurdy birleşdirýän Hazarda hyzmatdaşlyk etmek barada hem pikir alyşdyk diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Mälim bolşy ýaly, ýakynda Hazar deňziniň hukuk derejesi barada Konwensiýa kabul edildi. Biz hemişe Hazar deňziniň parahatçylygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň deňzidigini nygtap gelýäris, mundan beýläk-de şu syýasaty alyp bararys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Şeýle hem geçirilen gepleşiklerde söwda-ykdysady ulgamda, şol sanda oba hojalygy, gurluşyk, senagat, täze tehnologiýalar ýaly geljegi uly pudaklarda türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toparyna seredildi. Ulag ulgamyndaky özara gatnaşyklar baradaky meselä-de deglip geçildi.
Döwlet Baştutanymyz hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda energetika ugruny görkezdi. Şunda energiýa serişdelerini sebit we halkara bazarlara çykarmak maksady bilen, umumy tagallalary birleşdirmek üçin oňat mümkinçilikler bar. Biziň döwletlerimiziň arasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky hökümetara topar işleýär, ol örän köp işleri bitirýär hem-de geljekde netijeli işleri ugur edinýär.
Milli Liderimiz döwletara gatnaşyklaryň esasyny düzýän medeni-ynsanperwer ulgamyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň halklarynyň taryhy-medeni kökleriniň umumylygynyň möhüm şert bolup durýandygyny belledi. Häzirki wagtda bu asylly däpleri dowam edip, geljekki nesilleriň watançylyk we milli gymmatlyklaryň ruhunda terbiýelenilmegine ýardam etmegi buýsançly ýagdaýdyr.
Şunuň bilen baglylykda, duşuşygyň barşynda halklarymyz üçin däbe öwrülen, amaly-haşam sungatymyz bolan halylarymyz ýaly möhüm ugra deglip geçildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Türkmenistan we Azerbaýjan öz halylary bilen hemişe şöhratlanypdyr. Şonuň üçin ýurtlaryň ikisinde hem haly sergilerini guramagyň maksada laýyk boljakdygy, şeýle hem halkara maslahaty geçirmek barada bir pikire geldik diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Şeýlelikde, şu gün meseleleriň giň toparyna garaldy hem-de resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, olaryň ünsüni iki ugra çekdi, olaryň birinjisi ulag ulgamydyr. Şunda taraplar üstaşyr geçelgeleri hem-de degişli logistika ulgamyny ösdürmek boýunça gatnaşyklary ýola goýmak barada pikirlerini aýtdylar, goý, bu awtomobil, parom gatnawy ýa-da howa giňişligi, demir ýollary bolsun, ýöne esasy zat, indi biziň ýurtlarymyzyň arasynda ulag-üstaşyr geçelgesini we logistikany ösdürmek meseleleri bilen meşgullanjak ýörite topar işläp başlar.
Hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň hem, Azerbaýjanyň hem nusgalyk mysallary köpdür. Olaryň hatarynda Owganystanyň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň arasynda Ýewropa çykalgany üpjün etjek üstaşyr-ulag geçelgesini döretmek boýunça gol çekilen ylalaşyk bar. Bu Gündogar — Günbatar ugry boýunça ýol bolup, ol tutuş Merkezi Aziýany Ýewropa bilen birleşdirer. Ýöriteleşdirilen halkara düzümler bilen özara gatnaşyklar barada aýdylanda, şunda hyzmatdaşlyk üçin, hususan-da, TRASEKA, şeýle hem IRU ugurlary boýunça oňat mümkinçilikler bar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, bu babatda 28-nji noýabrda biz halkara maslahaty geçireris diýip belledi. Biz şu gün gatnaşyjy ýurtlara belli bir ýeňillikleri, aýdaly, ýeňillikli tölegleri we şuňa meňzeşleri edip biljekdigimizi kärdeşler derejesinde ara alyp maslahatlaşdyk. Indi bolsa esasy dogry logistikany ösdürmek galýar.
Ikinji mesele, şu gün gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna giren, 2019 — 2021-nji ýyllar üçin söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyk etmek hakynda maksatnama bilen baglydyr diýip, milli Liderimiz belledi. Ol hem mundan beýläk-de haryt dolanyşygymyzy ösdürmäge ýardam eder. Häzir bu babatda oňat ýagdaýlar döredi, statistika laýyklykda, haryt dolanyşygynyň görkezijisi ýylsaýyn ýokarlanýar, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, takmynan, 17 göterim ýokarlandy. Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz Ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky hökümetara toparyň işiniň wajyp ornuny belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti sözüni jemlemek bilen, şu günki gepleşikler özara hormat goýmak we ynanyşmak ýagdaýynda geçip, taraplaryň özara bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny görkezdi diýip belledi.
Milli Liderimiz pursatdan peýdalanyp, Prezident Ilham Aliýewe halklarymyzyň we ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda alnyp barylýan işlere goşýan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de belent mertebeli myhmana we Azerbaýjanyň ähli doganlyk halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Azerbaýjan Respublikasynyň Baştutany ýokary derejedäki duşuşygyň netijelerini beýan edip, mähirli kabul edilendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de doganlyk türkmen topragynda bolmak bilen ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşindäki gazanylanlar bilen tanyşmak mümkinçiligine eýe bolandygyny belledi. Azerbaýjanda Türkmenistanyň üstünliklerine öz üstünlikleri ýaly guwanýandyklaryny nygtap, belent mertebeli myhman döredilen mümkinçilikden peýdalanyp, azerbaýjan halkyndan ähli türkmen halkyna doganlyk salamyny ýetirdi.
Azerbaýjanyň Prezidentiniň nygtaýşy ýaly, bizi taryh, medeniýet, umumy kökler, däp-dessurlar, dünýägaraýşymyz birleşdirýär. Munuň özi kuwwatly binýat bolup, ol bize gatnaşyklarymyzy deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we doganlyk ýörelgeleri esasynda gurmaga mümkinçilik berýär. Emma, eýýäm häzirden bu saparyň biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda aýratyn orun eýelejekdigini ynamly aýtmak bolar. Bu gatnaşyklaryň uly mümkinçilikleri bar.
Azerbaýjan Lideri sözüni dowam edip, geçirilen gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, alnyp barlan işleriň netijeleriniň jemlenendigini hem-de mundan beýläk özara hereket etmegiň ýollarynyň bellenendigini aýtdy. Resminamalaryň 20-den gowragyna gol çekildi. Olaryň her biri anyk häsiýete eýedir. Bu bolsa türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň derejesiniň, hyzmatdaşlygyň geriminiň hem-de taraplaryň maksatlarynyň, birek-birege doganlyk gatnaşyklarymyzyň görkezijisidir.
Diňe ýakyn ýurt bilen durmuşyň dürli ugurlary boýunça işleşmek mümkindir diýip, belent mertebeli myhman nygtady. Biz geljekde hem halkara guramalarda we düzümlerde birek-birege özara goldaw bermek barada ylalaşdyk. Bu eýýäm adaty ýagdaýa öwrüldi. Bu hem döwletara gatnaşyklarymyzyň tüýs ýürekden amala aşyrylýandygyny görkezýär diýip, Azerbaýjanyň Baştutany belledi.
Prezident Ilham Aliýew türkmen Lideriniň giňişleýin beýan eden, gepleşikleriň gün tertibiniň esasy meselelerine degip geçip, iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygyny artdyrmagyň üstünde giňden işlemek maksadyny tassyklady. Bu babatda bilelikdäki hökümetara topara degişli tabşyryklar berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň eýýäm belläp geçişi ýaly, ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek meselesine uly orun berildi diýip, belent mertebeli myhman aýtdy. Saparyň öňýanynda iki ýurduň wekiliýetleri depginli işlediler, gepleşikleriň birnäçe tapgyrlaryny geçirdiler hem-de «Gündogar — Günbatar» halkara geçelgesiniň işlemeginiň esasy meselelerini ylalaşdylar.
Türkmenistan we Azerbaýjan geçen ýyllarda döwrebap ulag düzümini we logistika mümkinçiliklerini döretmek üçin uly işleri geçirip, ugurdaş ýörelgelere eýerdiler diýip, goňşy döwletiň Baştutany belledi. Munuň özi tebigy ýagdaýdyr, çünki ol biziň ýurtlarymyza we halklarymyza zerur bolup durýar. Şu ýyl Türkmenistanda we Azerbaýjanda halkara söwda portlarynyň şol bir wagtda, şol bir aýda — maý aýynda açylmagy hem tötänden däldir.
Biz öz çäklerimizde bu taslamalara maýa goýmak barada öňdengörüjilikli çözgütleri kabul etdik, bu gün bolsa biz söwda portlarymyzyň goşulyşmagy barada gürrüň edýäris. Şu gün degişli resminama hem gol çekildi. Bu bolsa biziň ýurtlarymyza haryt dolanyşygyny we üstaşyr ýük daşamalaryny artdyrmaga mümkinçiligi üpjün edýär diýip, belent mertebeli myhman nygtady.
Öz goňşulary üçin hem uly mümkinçilikleri döredip, Azerbaýjan we Türkmenistan möhüm ulag we logistika halkasyna öwrülýär. Döwrebap düzümler ulag ulgamyna iri maýa goýumlar işlemek üçin ajaýyp şertleri üpjün edýär diýip, Prezident Ilham Aliýew aýtdy hem-de ýakyn wagtda iki ýurduň arasyndaky ýük akymynyň ep-esli artjakdygyna ynam bildirdi.
Bakunyň Alýat halkara söwda portunda Türkmenistandan goşmaça ýükleri kabul etmek üçin ýörite ýer berilýär. Şoňa görä-de, biz «Gündogar — Günbatar», «Günbatar — Gündogar» ugurlary boýunça döwletlerimiziň arasynda üstaşyr gatnawlaryň artýandygyny göreris diýip, Azerbaýjanyň Baştutany nygtady. Ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglylykda, geçen ýyl Baku — Tbilisi — Kars demir ýolunyň ulanmaga berilmeginiň ähmiýeti hem bellenildi.
Belent mertebeli myhmanyň nygtaýşy ýaly, geçirilen gepleşiklerde sebitleýin hyzmatdaşlyk üçin täze şertleri üpjün edýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm bolan anyk meseleleri çözüldi. Şunuň bilen baglylykda, Azerbaýjanyň Lideri yzygideri özara hereket etmek, däp bolan doganlyk döwletara gatnaşyklary berkitmek hem-de umuman, sebitiň ýurtlarynyň arasynda has oňaýly ýagdaýlary döretmek üçin häzirki saparyň ähmiýetini belledi.
Azerbaýjanyň Prezidenti sözüniň ahyrynda Türkmenistanyň doganlyk halkyna milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda parahatçylyk, rowaçlyk we mundan beýläk-de gülläp ösüş, öz türkmen kärdeşine bolsa berk jan saglyk, täze üstünlikleri we abadançylyk arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz belent mertebeli myhmanyň hormatyna resmi günortanlyk naharyny berdi. Onda iki döwletiň Baştutanlary söz sözlediler.
Dabaraly kabul edişlik tamamlanandan soň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew ýurdumyza resmi saparynyň maksatnamasyny tamamlap, paýtagtymyzyň Halkara howa menziline bardy we Aşgabatdan ugrady.
/ Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi /