TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE UKRAINANYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Ukrainanyň Daşary işler ministriniň geňeşçisi Wiktor Anatolýewiç Maýkonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda Ukrain wekiliýetiniň ýolbaşçysy türkmen tarapyny Halkara Bitaraplyk gününi bellemegi bilen gyzgyn gutlady. Türkmen tarapy öz gezeginde hormatly geňeşçä baýramçylygy bellemek bilen bagly geçirilýän çärelere gatnaşýandygy üçin minnetdarlygyny bildirdi.
Soňra taraplar Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşygy giňeltmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda wekiller iki ýurduň arasyndaky ýola goýlan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijelerini belläp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmagyň zerurdygyny beýan etdiler.
/ Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi /