TÜRKMENISTANYŇ UKRAINADAKY ILÇIHANASY BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNYŇ TANYŞDYRYŞ DABARASYNY GEÇIRDI

photo

2019-njy ýylyň 3-nji aprelinde Ukrainanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Ilçihanasy bu edaranyň ýanyndaky Ukrain-Türkmen işewürlik geňeşiniň ýardam bermeginde we işjeň gatnaşmagynda birinji Hazar Ykdysady forumynyň tanyşdyryş dabarasyny geçirdi.

Dabara Ukrainanyň DIM-niň işgärleri, hazarýaka döwletleri bolan Azerbaijan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasýasynyň Ilçihanalarynyň diplomatlary, ýurduň sebit söwda-senagat edaralarynyň, ylmy-barlag institutlarynyň, kärhanalarynyň we kompanialarynyň wekilleri, şeýle hem telewideniýeniň hem-de ýerli we sebitleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Türkmenistanyň Ilçihanasy duşuşyga gatnaşyjylaryň dykgatyna birinji Hazar Ykdysady forumy baradaky maglumatlary hödürledi. Şeýle-de gatnaşyjylar Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda işlenilip düzülen forumyň konsepsiýasy bilen tanyşdyryldy.

Çäräniň ahyrynda tanyşdyryş dabarasy oňa gatnaşyjylar bilen “sorag-jogap” görnüşinde dowam etdirildi. Esasy soraglar foruma gatnaşmagyň şertleri barada berildi. Türkmenistanyň Ilçihanasy foruma gatnaşmak bilen bagly doly maglumat berdi we  birinji Hazar Ykdysady forumyna bagyşlanan wideo şekilleri görkezdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi /