SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň DIM-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 14-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň (UNRCCA) ýolbaşçysy Kaha Imnadzeniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň Sebit merkeziniň Merkezi Aziýadaky maksatnamalaryna we taslamalaryna gatnaşmagy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-d...
BAE bildirilen ynsanperwerlik üçin Türkmenistana sagbolsun aýdýar
2025-nji ýylyň 14-nji iýunynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmed Al-Haý Hamad Hamis Al-Hameli Türkmenistanyň Prezidentiniň, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyna hatlary ýollady. Hatlarda Birleşen Arap Emirlikleriniň Hökümetiniň adyndan “2025-nji ýylyň 13-nji iýunynda BAE-niň awiakompaniýasynyň birnäçe gatnawlarynyň Aşgabadyň Halkara howa menzilinde mejbury gonmagy bilen baglylykda T...
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Eýran Yslam Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň 14-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehaniniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda daşary işler ministri Türkmenistanyň Ýakyn Gündogarda dartgynlylygyň güýjemegine aladalylygyny bildirýändigini hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň ýörelgelerinden ugur alýan hemişelik bitarap döwlet bolmak bilen,...
Türkmenistan ynsanperwerlik goldawyny berýär
Türkmenistan halkara goldaw bermek ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, şeýle hem özüniň hemişelik oňyn bitaraplyk derejesi esasynda, BMG-niň Tertipnamasyna hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda ynsanperwerligiň we raýdaşlygyň ýokary gymmatlyklaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmäge gönükdirilen ähli zerur çäreleri amala aşyrýar. Bu çemeleşmäniň aýdyň subutnamasy hökmünde soňky 24 sagadyň dowamynda Ýakyn Gündogarda ýüze çykan ýagdaý sebäpli öz ugurlaryny üýtgetmäge mejbu...
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat
Ysraýylyň 2025-nji ýylyň 13-nji iýunynda Eýranyň ilatly ýerlerine we desgalaryna alama aşyran raketa urgulary bilen baglylykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi aşakdakylary mälim edýär. Türkmen tarapy häzirki wagtda Ýakyn Gündogarda dartgynlylygyň güýjemegi bilen bagly aladasyny beýan edýär. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen oňyn hemişelik bitaraplyk derejesine eýe bolan döwlet hökmünde Türkmenistan güýç ulanylmagyny ýa-da ony syýasy we beýleki meseleleri çözmegiň...
Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler
2025-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türkmen-rus hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ygrarlydyklaryny nygtap, dürli ugurlar boýunça iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň wajyp meselelerine garadylar. Şol bir wagtyň özünde ministrler ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem köptaraplaýyn düzümleriň çäginde geçirilmegi meýill...
Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy
2025-nji ýylyň 9-11-nji iýuny aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti IV Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Foruma Bolgariýa, Slowakiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Azerbaýjan ýaly birnäçe ýurtlaryň döwlet we hökümet ýolbaşçylary, şeýle hem birnäçe daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we köpçülikleýin habar beriş serişdeler...