RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
20 Okt

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňize Hyrat welaýatynyň ilatynyň adyndan hem-de hut öz adymdan 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Owganystanyň Hyrat welaýatynda bolup geçen pajygaly ýertitremede ejir çeken owgan halkyna iberen ynsanperwerlik kömegiňiz hem-de Arkadag şäherinde beren sadakaňyz üçin hoşallyk bildirýärin. Iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýl...

DOWAMY
pic
20 Okt

“MERKEZI AZIÝA – KOREÝA RESPUBLIKASY” 16-NJY HYZMATDAŞLYK FORUMYNYŇ GÜN TERTIBI BOÝUNÇA PIKIR ALŞYLDY

2023-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly “Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy” Hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşýan ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşykda, Aşgabatda şu ýylyň 1-nji noýabrynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň derejesinde geçiriljek “Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy” 16-njy Hyzmatdaşlyk forumyna taýýar...

DOWAMY
pic
19 Okt

PEKINDE TÜRKMEN-HYTAÝ STRATEGIKI HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda iş saparynyň çäginde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygy boldy. Başlyk Si Szinpin Gahryman Arkadagymyza “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşandygy üçin hoşallyk bildirdi we Hytaýda mübäreklemäge örän şatdygyny belläp, taryhyň dowamynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklara, köpugurly mümkinçiliklere eýe bolan döwl...

DOWAMY
pic
12 Okt

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI GDA-NYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY

2023-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Bişkek şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Çärede türkmen wekilýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow ýolbaşçylyk etdi. Maslahatyň dowamynda wajyp meseleleriň giň toplumy boýunça, şol sanda, halkara we sebit meseleleriniň möhüm ugurlarynyň gün tertibi, şeýle hem GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek barada pik...

DOWAMY
pic
12 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKIÝÄNIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidany kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň iberen mähirli salamyny, türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe...

DOWAMY
pic
11 Okt

TÜRKMENISTAN WE TÜRKIÝE HYZMATDAŞLYGY MUNDAN BEÝLÄK HEM BERKITMEK UGRUNY TASSYKLAÝARLAR

2023-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Aşgabada resmi sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidanyň arasynda gepleşikler geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki döwletiň Prezidentleriniň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň tagallalary netijesinde döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini hem-de olaryň okgunly we üstünlikli ösýändigini bellediler. Türkmenistanyň P...

DOWAMY
pic
11 Okt

TÜRKMENISTAN OWGANYSTANA YNSANPERWER KÖMEGINI UGRATDY

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryndan we ata-babalarymyzyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerinden ugur alyp, şeýle hem asylly ynsanperwer işleriň oňyn tejribesini dowam etmek bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde, Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, Owganystana ynsanperwer ýüki ugradyldy. Derman we saglygy goraýyş maksatly serişdelerden, dokma we azyk ön...

DOWAMY