RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
24 Awg

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÜRKMENISTAN BILEN PALESTINA DÖWLETINIŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 24-nji awgustynda Türkmenistan Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Palestina Döwletiniň arasynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyndan gepleşiklere Daşary işler ministri Raşid Meredow, Palestina tarapyndan, Palestina Döwletiniň Daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan Palestinalylaryň işi boýunça ministri Riýad Al-Maliki ýolbaşçylyk etdiler. Geňeşmeleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň hä...

DOWAMY
pic
23 Awg

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÜRKMEN-MALAÝZIÝA GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 23-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmen-Malaýziýa DIM-leriniň arasynda onlaýn görnüşde geňeşmeler geçirildi. Geňeşleriň dowamynda iki ýurduň diplomatlary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika we ynsanperwer ugurlarda köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäginde gatnaşyklary has hem ösdürmek baradaky özara ymtylyş ýene-de bir gezek t...

DOWAMY
pic
22 Awg

TÜRKMEN WEKILIÝETINIŇ BMG-NIŇ JYNSY KEMSITMELERI ÝOK ETMEK BOÝUNÇA KOMITETINIŇ (CERD) 110-NJY MEJLISINE GATNAŞDY

2023-nji ýylyň 7-31-nji awgusty aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewa şäherindäki edarasynda Jynsy kemsitmeleri ýok etmek boýunça komitetiniň 110-nji mejlisi öz işini dowam edýär. Şu ýylyň 21-22-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet agzalan mejlisiň işine gatnaşýar. Mejlisiň birinji gününiň dowamynda Jynsy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek baradaky halkara konwensiýasynyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişi...

DOWAMY
pic
20 Awg

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ WENGRIÝA IŞ SAPARY

2023-nji ýylyň 20-nji awgustynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Budapeştde geçirilýän Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionaty, şeýle hem ýurduň Milli baýramy — Keramatly Stefanyň güni mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin Wengriýa iş sapary bilen ugrady. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Wengriýanyň Premýer-ministriniň çakylygy boýunça amala aşyrýan bu sapary netijeli döwletara gatnaşyklary okgunly ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim bolup durýar. Häzir...

DOWAMY
pic
31 Iýul

TÜRKMENISTAN BILEN HHR-IŇ ARASYNDA STRATEGIKI HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 31-nji iýulynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň agzasy, Sinhaý prowinsiýa komitetiniň sekretary Çen Ganyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-hytaý hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şol bir wagtyň özünde, özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň okgunly ösýändigi nygta...

DOWAMY
pic
27 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI SINGAPUR RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY

2023-nji ýylyň 25-nji iýulynda Türkmenistanyň Singapur Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Seul ş.) B.Durdiýewiň Singapur Respublikasynyň Prezidenti  Halime Ýakoba ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda Singapur Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamlaryny we hoşniýetli arz...

DOWAMY
pic
26 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ, TÄJIGISTANYŇ WE ÖZBEGISTANYŇ DAŞARY SYÝASY EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 26-njy iýulynda, wideoaragatnaşyk görnüşinde Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň, Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri S.Muhriddiniň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri B.Saidowyň arasynda geňeşmeler geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň şu ýylyň awgust aýynyň başynda Aşgabatda geçiriljek Sammitine taýýarlyk görmek we geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Minis...

DOWAMY