SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 24-nji iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy. Mej...
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Filippinler Respublikasynyň Prezidenti Ferdinand Romualdes Markosa hem-de ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Filippinler Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, özara ynany...
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah Al-Sisä ýurduň milli baýramy — Ynkylap güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Abdel Fattah Al-Sisä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Müsür Arap Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi. tdh.gov.tm
ÝUNESKO-NYŇ IŞLERI BARADA TÜRKMENISTANYŇ MILLI TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 22-nji iýulynda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, degişli ministrlikleriň, pudak edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, şeýle hem wideoaragatnaşyk ulgamy arka...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ MILLI ASSAMBLEÝASYNYŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 21-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistanda resmi saparda bolýan Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýony kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz şu gezekki saparyň çäklerindäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly,...
TÜRKMENISTAN - KOREÝA RESPUBLIKASY: PARLAMENTARA GATNAŞYKLAR ÖSDÜRILÝÄR
2023-nji ýylyň 20-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo bilen duşuşygy boldy. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça öňe süren başlangyçlarynyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilm...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI AÝLAGDAKY ARAP DÖWLETLERINIŇ HYZMATDAŞLYK GEŇEŞINE AGZA DÖWLETLERIŇ HEM-DE MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYŇ BAŞTUTANLARYNYŇ SAMMITINE GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 19-njy iýulynda Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Sammitine gatnaşdy. Ýokary derejedäki duşuşyga geňeşe agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň - Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Baştutanlary, şeý...