SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ BAŞLYGYNYŇ ÝÖRITE WEKILINI KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň ýörite wekili, HHR-iň daşary işler ministriniň birinji orunbasary (ministr derejesinde) Ma Çžaosýuýy kabul etdi. Ma Çžaosýuý Türkmenistanyň Prezidentine Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň mähirli salamyny ýetirdi we şu ýylyň 18-19-njy maýynda geçiriljek “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşmaga iberen çakylygyny gowşurdy. Şunuň bilen baglylykda, ol hormatly Prezi...
Owganystanyň halkyna iberlen azyk, derman we dokma önümleri owgan tarapyna gowşuryldy
Turgundy gözegçilik-goýberiş nokadynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde ynsanperwerlik kömegi hökmünde Owganystanyň halkyna iberlen azyk, derman we dokma önümleri resmi we dabaraly ýagdaýda owgan tarapyna gowşuryldy. 13-nji maýda gowşurylan kömekler Owganystanyň Adatdan daşary ýagdaýlara garşy göreşmek boýunça döwlet ministrliginiň Içerki barlag departamentiniň başlygy Molla Mohammad Mobin Maftuny...
TÜRKMEN-HYTAÝ HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 2023-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýewiň, Aşgabada iş sapary bilen gelen, Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministriniň birinji orunbasary Ma Çžaosýuý bilen gepleşikleri geçirildi. Taraplar geňeşmeleriň çäginde ikitaraplaýyn gün tertibindäki dürli meseleler boýunça pikir alyşdylar. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, giňişleýin strategiki hyzmatdaşlygyň türkmen-hytaý gatnaşykla...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNA DÖWLET SAPARY TAMAMLANDY
2023-nji ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy. Saparyň ikinji güni Hökümet kabulhanasynyň “Mejlisler” zalynda Türkmenistanyň Baştutanynyň Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda bilen duşuşygy boldy. Täjigistanyň Hökümetiniň Başlygy döwletara gatnaşyklaryň däp bolan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýandygyny, ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň, onuň jemleri boý...
Türkmenistan ulag durnuklylygy boýunça dostlar toparynyň nobatdaky ýygnagyny geçirdi
2023-nji ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky Hemişelik Wekilhanasy wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistan ulag durnuklylygy boýunça dostlar toparynyň 3-nji ýygnagyna ýolbaşçylyk etdi.
«ÝAŞYL» YKDYSADYÝET WE SANLY ÖZGERTMELERIŇ MESELELERI BILEN BAGLY TEGELEK STOL BOÝUNÇA KHBS ÜÇIN HABAR
Şu gün, 2023-nji ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde durnukly ösüş maksady bilen “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmäge we Türkmenistanda sanly özgertmelere bagyşlanan tegelek stol geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şeýle hem BMG-niň ýöriteleşdirilen guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň şu ýylyň 17-19-njy aprelinde Ženewada geçirilen BMG...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE USAID BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 2023-nji ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýew, Aşgabada iş sapary bilen gelen, ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) Aziýa býurosynyň Dolandyryjysynyň kömekçisiniň orunbasary Anjali Kaur bilen duşuşdy.. Duşuşygyň dowamynda sebit we milli taslamalary öňe sürmekde Türkmenistanyň USAID bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu nukdaýnazardan W.Hajiýew,...