SOŇKY HABARLAR
Nikaragua Respublikasy Durnukly ulag ulgamynyň dostlary toparyna goşuldy
Nikaragua Respublikasy, 2022-nji ýylyň 6-njy iýulynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen, Durnukly ulag ulgamynyň dostlary toparyna goşulandygyny habar berdi. Toparyň indiki 3-nji ýygnagy 2023-nji ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik Wekilhanasy tarapyndan wideo arkaly guralmagy göz öňünde tutulýar. Nikaragua Respublikasy Durnukly ulag ulgamynyň dostlary toparyna goşuldy | NÝU-ÝORK, BM - TÜRKMENISTANYŇ BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNDAK...
TÜRKMEN-HYTAÝ HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 2023-nji ýylyň 26-njy aprelinde, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew hem Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Sin Gan “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň daşary işler ministrleriniň 4-nji duşuşygyna gatnaşmagynyň çäklerinde Sian şäherinde ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdiler. Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleriniň giň gerimi ara alny...
ÝAŞLAR SYÝASATY ULGAMYNDA HALKARA HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda öňe sürlen Türkmen ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň strategiýasyny işläp taýýarlamak boýunça iş toparynyň mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimow...
ABŞ-DA TÜRKMEN-AMERIKAN SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 24-nji aprelinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentinde Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda her ýyl geçirilýän ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň dokuzynjy tapgyry geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, amerikan tarapyna bolsa ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji Elizabet Horst ýolbaşçylyk etdiler. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn maslahatlaşmalaryň bilel...
ÇABAHAR PORTY BOÝUNÇA MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ WE HINDISTANYŇ ÝOKARY WEZIPELI WEKILLERI DEREJESINDÄKI IŞÇI TOPARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 12-13-nji aprelinde Hindistanyň Mumbaý şäherinde “Merkezi Aziýa-Hindistan” köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde Çabahar porty boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hindistanyň ýokary wezipeli wekilleri derejesindäki isçi toparynyň birinji duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Hindistanyň we Eýranyñ Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary, Merkezi Aziýa döwletleriniň ulag ulgamynyñ wekilleri we Hindistandaky Ilçileri, BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasy boýunça Owganystandaky wekili...
The delegation of Turkmenistan, as a member of the UN Commission on Population and Development, takes part in the 56th session of the Commission
On April 10, 2023, the 56th session of the UN Commission on Population and Development began its work at the UN Headquarters in New York, in which the Head of the population statistics department of the State Committee of Turkmenistan on Statistics Ms. Jahan Pigamova takes part. The Commission, established in 1946, is a functional body of the United Nations Economic and Social Council (ECOSOC), that reviews and evaluates the implementation of the Program of Action of the International Confere...
YSLAMABATDAKY COMSATS UNIWERSITETINIŇ REKTORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 7-nji aprelinde Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçisi A.Möwlamowyň Yslamabatdaky COMSATS uniwersitetiniň rektory Prof.Dr.Muhammad Afzal bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Türkmenistan bilen COMSATS uniwersitetiniň arasynda ylym-bilim ugry boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Päkistan tarapy COMSATS uniwersitetiniň fakultetleri, ylmy işleri we gazanan üstünlikleri barada çykyş etdi. Türkmen tarapy ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk syýasaty esasynda halkara...