SOŇKY HABARLAR
THE NEW ADMINISTRATIVE CENTER OF THE AHAL REGION RECEIVED THE STATUS OF A CITY AND WAS NAMED "ARKADAG"
On December 21, 2022, at an extended meeting of the government of Turkmenistan, the Chairman of the Mejlis of the Milli Gengesh of Turkmenistan G.Mammedova announced the adopted Resolution to classify the new, modern administrative center of the Ahal region as a city with the rights of a district and give it the name "Arkadag". According to the document, the administrative center of the Ahal region will be moved to the city of Arkadag. At the same time, the area in 2 thousand 370 hectares o...
ULAG DIPLOMATIÝASY — TÜRKMEN-OWGAN GATNAŞYKLARYNYŇ MÖHÜM UGRY
2022-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hereket edýän Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw Merkeziniň çäklerinde (TDMUOM) Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hoja Öwezow bilen institutyň talyplarynyň gatnaşmagynda «Ulag diplomatiýasy» boýunça duşuşyk geçirildi. Diplomat duşuşygyň dowamynda türkmen-owgan gatnaşyklarynyň çäklerinde gazanylan tejribe,...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ ÝAPONIÝA IŞ SAPARY
2022-nji ýylyň 21-24-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýada iş saparynda bolýarlar. Saparyň çäginde wekiliýetiniň ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Ýapon-Türkmen we Türkmen-Ýapon komitetleriniň 14-nji bilelikdäki mejlisine, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialogynyň 9-njy mejlisine gatnaşmagy, mundan başga-da Hökümetde, Parlamentde, degişli ministrliklerde we edaralarda...
SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRIŇ TÜRKMENISTANA IŞ SAPARYNYŇ ÇÄGINDE BOLUP GEÇEN ÇÄRELER
2022-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Türkmen-Saud Arabystany diplomatik simpoziumy geçirildi. Oňa TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň wekilleri, şeýle hem Saud Arabystan Patyşalygynyň Daşary işler ministliginiň ýanyndaky Şazada Saud Al-Faýsal adyndaky Diplomatik barlaglary institutynyň wekilleri gatnaşdylar. Çykyşlarda Türkmenist...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SAUD ARABYSTANYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 19-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saudy kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan edip, Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Saudyň mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna rowaçlyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda dostlukly ýurduň Türkmenistan bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy pugtal...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY BMG-NIŇ STATISTIKA MÜDIRLIGINIŇ DEMOGRAFIÝA STATISTIKASY BÖLÜMINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI
2022-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen BMG-niň hünärmenleriniň wekilýetiniň ýolbaşçylygyndaky BMG-niň Statistika müdirliginiň Demografiýa statistikasy bölüminiň başlygy jenap Srdjan Mrkiç bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň esasy temasy, halkara ülňülerine laýyklykda 2022-nji ýylda Türkmenistanda Ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirmegiň çägindäki hyzmatdaşlyk boldy. Türkmenista...
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ WE SAUD ARABYSTANYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERIŇ ARASYNDA SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Türkmen paýtagtyna gelen Saud Arabystan Patyşalygynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saudyň arasynda gepleşikler geçirildi. Geňeşmeleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meseleleri, şol sanda ozal gazanylan şertnamalaryň ýerine ýetirilişiniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň ýo...