SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANDA KOREÝ MEDENIÝETINIŇ GÜNLERI BADALGA ALDY
Koreý kinosynyň festiwalynyň açylmagy bilen, 2022-nji ýylyň 9-njy noýabrynda ýurdumyzda Koreý medeniýetiniň günleri badalga aldy. Bu çäre iki dostlukly ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň şu ýyl bellenilýän 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýär. Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sung-Çul Şin şanly waka mynasybetli dabaradaky çykyşynda iki dostlukly halkyň arasynda ynanyşmagy we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga gönükdirilen bu g...
Magtymgulynyň 300 ýyllygy belleniljek ýyl türki dünýäniň beýik şahyrynyň ýyly diýlip yglan edildi
Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde oňa gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli, 2024-nji ýyly “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly”, Türkmenistanyň gadymy Änew şäherini bolsa 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýip yglan etmek hakynda türkmen tarapynyň öňe süren başlangyçlaryny biragyzdan goldadylar. Şol mejlisiň jemleýji resminamasynda öz beýan...
GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW WE ŞAWKAT MIRZIÝOÝEW TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRDILER
2022-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, dostlukly ýurduň Baştutanyna gadymy Samarkant şäherinde Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini üstünlikli geçirmek baradaky arzuwyny beýan etdi hem-de Özbegistanyň başlyklygynda sammitiň netijeli...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ABŞ-NYŇ DÖWLET SEKRETARYNYŇ GÜNORTA WE MERKEZI AZIÝANYŇ IŞLERI BOÝUNÇA KÖMEKÇISINI KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 7-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýanyň işleri boýunça kömekçisi Donald Luny kabul etdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu günki duşuşygyň dowamynda däp bolan dostlukly türkmen-amerikan dialogyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze itergi bermegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige şatdygyny aýtdy. Söhbetdeşligiň...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-INDE TÜRKMEN-AMERIKAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2022-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Daşary işler ministrliginde ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa gatnaşyklary boýunça kömekçisi Donald Lunyň baştutanlygyndaky wekiliýeti bilen duşuşdy. Taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň köp sanly meselelerine garadylar, şeýle hem halkara we sebit temalaryna, şol sanda owgan meselesine-de seredip geçdiler. Gepleşikleriň dowamynda aç-açanlyk, birek-birege hormat goýmak we düşünişmek ý...
TDHÇMB-NYŇ SÖWDALARYNDA GELEŞIKLERIŇ JEMI BAHASY ABŞ-NYŇ 10 MILLION 334 MÜŇ DOLLARYNDAN GOWRAK BOLDY
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň we beýleki ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar. Bulardan başga-da, Kataryň telekeçileri daşary ýurt puluna portlandsementi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 10 million 334 müň dollaryndan gowrak boldy. Ýurdumyzyň işewür...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÄHLIHALK BAG EKMEK DABARASYNYŇ GÜÝZKI MÖWSÜMINE BADALGA BERDI
Şu gün ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. Şu gezekki köpçülikleýin çäre adaty bir çäre bolman, eýsem, ýurdumyzyň ekologiýa ugurly başlangyçlarynyň ähli halkymyz tarapyndan goldanylýandygynyň, tebigaty goramagyň we dünýäde durnukly ösüşiň bähbidine alnyp barylýan asylly işlere goşulýan anyk goşant hökmünde Diýarymyzda ýaýbaňlandyryla...