SOŇKY HABARLAR
BÄŞINJI MERKEZI AZIÝA BILERMENLER FORUMY
2022-nji ýylyň 10-njy dekabrynda paýtagtymyzda “Merkezi Aziýa sebitinde howanyň üýtgemegi, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary bilen baglanyşykly meseleler boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary” ady bilen, bäşinji Merkezi Aziýa bilermenler maslahaty geçirildi. Forumy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi BMG-niň Merkezi Aziýa...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARYNY KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 10-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýewi kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak ýaly häzirki zamanyň wajyp meselelerine bagyşlanylan “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahata gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bi...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ GIŇIŞLEÝIN MEJLISINDÄKI ÇYKYŞY
Hormatly mejlise gatnaşyjylar! Ýene-de birnäçe günden biz uly baýramy - Halkara Bitaraplyk gününi belläp geçeris. Men sizi we siziň üstüňiz bilen ähli halkymyzy Türkmenistanyň Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize we mähriban halkyma berk jan saglyk, abadan, bagtyýar durmuş hem-de uly üstünlikleri arzuw edýärin. Hormatly watandaşlar! Geçen ýyl Türkmenistan «Dialog - parahatçylygyň kepili» atly başlangyç bilen çykyş etdi hem-de ony Birleşen Milletler Guramasynda...
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ FRANSIÝA RESPUBLIKASYNYŇ SENATYNYŇ “FRANSIÝA — MERKEZI AZIÝA” PARLAMENTARA DOSTLUK TOPARYNYŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYGY
2022-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Fransiýa Respublikasynyň Senatynyň “Fransiýa - Merkezi Aziýa” parlamentara dostluk toparynyň başlygy Erwe Moreý bilen duşuşygy boldy. Myhman ikiçäk duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de ähli türkmen halkyny Bitaraplyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady. Senatyň Başlygy Žerar Larşeniň adyndan mähirli sa...
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ FEDERAL ÝYGNAGYNYŇ FEDERASIÝA GEŇEŞINIŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYGY
2022-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçýowyň duşuşygy geçirildi. Gahryman Arkadagymyz myhman bilen mähirli salamlaşyp, sapar mahalynda göz öňünde tutulan duşuşyklaryň we gepleşikleriň üstünlikli geçirilmegini, taraplar üçin gyzyklanma bildirilýän gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary boýunça netijeli pikir alyşmala...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ WEKILIÝETINI KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 9-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça ministri Sultan Al Jaberiň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekiliýeti kabul etdi. Myhmanlar wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň, şeýle hem BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ GIŇIŞLEÝIN MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň daşary syýasatyna degişli wajyp meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, ýene-de birnäçe günden biz uly baýramy — Halkara Bitaraplyk gününi belläp geçeris diýip nygtady hem-de ýygnananlary we olary...