RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
23 Okt

TOPH GAZ GEÇIRIJI TASLAMASYNYŇ UGRY BOÝUNÇA OWGANYSTANDA WELOSIPEDLI ÝÖRIŞ GEÇIREN HYRATLY WELOSIPEDÇILER BILEN DUŞUŞYK

2022-nji ýylyň 22-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Owganystanyň Hyrat şäherindäki Baş konsullygynda hyratly “DAWANDER” welosipedçiler topary bilen konsullygyň işgärleriniň duşuşygy geçirildi. Duşuşykda owgan tarapyna türkmen-owgan dostlugyny we TOPH gaz geçirijisiniň ähmiýetini mahabatlandyrmaga gönükdirip Owganystanda geçiren welosipedli ýöriş çäresi üçin minnetdarlyk bildirildi we sowgatlar berildi. Ýatlap geçsek, Hyradyň “DAWANDER” welosipedçiler topary şu ýylyň 9-15-nji oktýabry aralygyn...

DOWAMY
pic
22 Okt

ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA RESMI SAPARY

2022-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana resmi sapar bilen geldi. Iki dostlukly ýurduň döwlet baýdaklary bilen bezelen paýtagtyň Halkara howa menzilinde Özbegistanyň ýolbaşçysy resmi adamlar tarapyndan garşylandy. Bellenen gowy däbe görä, milli eşikli bir oglan we gyz Özbek liderine çörek-duz we gül sowgat etdiler. Howa menzilindäki gysga wagtlyk söhbetdeşlikden soňra Özbegistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni bu ýerden sapar...

DOWAMY
pic
21 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WEKILÝETI «MERKEZI AZIÝA- ÝAPONIÝA» GEPLEŞIKLERIŇ ÝOKARY WEZIPELI ŞAHSLARYŇ ÝYGNAGYNA GATNAŞDYLAR

2022-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Astana şäherinde ýapon tarapynyň başlangyjy bilen ýokary wezipeli şahslaryň «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» gibrid görnüşindäki gepleşikleriň 15-nji duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygynda wekilýet gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar şu ýylyň dekabrynda Tokio şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa +Ýaponiýa» gepleşikleriniň Daşary işler ministrleriniň 9-njy mejlisiniň gün tertibini, konsepsiýasyny...

DOWAMY
pic
21 Okt

TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda, döwletlerimiziň halklaryny birleşdirýän taryhy gatnaşyklary, medeni we ruhy umumylygy häzirki döwürde strategik häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly esas bolup durýandygyny nygtaldy. Söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen, Türkmenistan we Özbegistan netijeli ynsanperwer...

DOWAMY
pic
21 Okt

TÜRKMENISTAN BILEN ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDA STRATEGIK HYZMATDAŞLYGY ÇUŇLAŞDYRMAK BARADA JARNAMA

Mundan beýläk Taraplar diýlip atlandyrylýan Türkmenistan we Özbegistan Respublikasy, Dostluk, hyzmatdaşlyk we özara kömek hakynda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda 1996-njy ýylyň 16-njy ýanwaryndaky Şertnamada hem-de Strategik hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda 2017-nji ýylyň 6-njy martyndaky Şertnamada esaslandyrylan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň binýatlyk ýörelgelerini goldanyp, häzirki döwürde pugtalanýan türkmen-özbek strate...

DOWAMY
pic
21 Okt

ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI «HALK HAKYDASY» ÝADYGÄRLIKLER TOPLUMYNA GÜL GOÝDY

Günüň ikinji ýarymynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna bardy. Bu ýerde belent mertebeli myhman milli gahrymanlaryň – edermen Watan goragçylarynyň hakydasyny ebedileşdiren «Baky Şöhrat» ýadygärligine gül goýdy. Özbek Lideri ýadygärlikler toplumynyň çäginde ýerleşen «Watan mukaddesligi» muzeýi bilen tanşyp, Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/67229/ozbegistan-resp...

DOWAMY
pic
21 Okt

ÖZBEK LIDERINE HORMATLY PROFFESOR ALYMLYK ADY DAKYLDY

Resmi saparyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine geldi, bu ýerde dostlukly ýurduň liderine bu ýokary okuw mekdebiň Hormatly professory alymlyk adyny dakmak dabarasy boldy. Uniwersitetiň baş binasynyň girelgesiniň öňündäki meýdançada belent mertebeli myhmany TDU-yň rektory B.Orazdurdyýewa hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Prezidenti A.Aşyrow garşyladylar. Prezident Şawkat Mirziýoýew eýwanda Türkmeni...

DOWAMY