img
TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLUGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - HYRAT
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
27 Okt

TÜRKMEN ALABAÝYNYŇ BAÝRAMY MYNASYBETLI DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGI

Şu gün Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, teleoperatorlaryň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň sergisi geçirilidi. Bäsleşik halyçy gelin-gyzlary, heýkeltaraşlary, fotosuratçylary, neşirýat...

DOWAMY
pic
27 Okt

TÜRKMEN ALABAÝYNYŇ BAÝRAMYNA

Oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyz Türkmen alabaýynyň baýramyny bellär. Bu wakany göz öňünde tutup, Aşgabatda we ähli welaýatlarda gadymy it tohumyna hem-de öňde boljak «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly II halkara bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna bagyşlanan çäreler, sergiler, pikir alyşmalar geçirilýär. Esasy dabaralardan öň, B.Amanow adyndaky Türkmenistanyň Döwlet çagalar kitaphanasy paýtagtymyzyň mekdeplerinde okuwçylar bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi. Ara alyp maslah...

DOWAMY
pic
27 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GRUZIÝANYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Konstantin Sabiaşwilini kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize Gruziýanyň Prezidenti Salome Zurabişwiliniň salamyny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Gruziýa Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasy...

DOWAMY
pic
26 Okt

AŞGABATDA «TÜRKMENISTANYŇ NEBITI WE GAZY — 2022» ATLY HALKARA MASLAHAT WE SERGI GEÇIRILÝÄR

Şu gün Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Ol «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy (NaPeCo), Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda «Gaffney Cline» britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde guraldy. Energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalan...

DOWAMY
pic
26 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BEÝIK BRITANIÝANYŇ PREMÝER-MINISTRINI GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan jenap Rişi Sunaga Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Premýer-ministri wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda: “Biz Türkmenistan bilen Birleşen Patyşalygyň arasynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklarymyza ýokary baha berýäris” diýip belläp, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy...

DOWAMY
pic
26 Okt

TÜRKMEN WEKILIÝETI «MERKEZI AZIÝA - KOREÝA RESPUBLIKASY» IŞEWÜRLER GEŇEŞINIŇ 3-NJI MEJLISINE GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Koreýa Respublikasynyň Pusan şäherinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» formatynyň Işewürler geňeşiniň nobatdaky 3-nji mejlisine gatnaşdy. Bu mejlise şeýle hem, Koreýanyň halkara söwda Assosiasiýasynyň (KITA), Koreýanyň importýorlarynyň Assosiasiýasynyň (KOIMA), Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Söwda-sena...

DOWAMY
pic
26 Okt

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE COP26-NYŇ SEBITLEÝIN ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Aşgabada Howa boýunça ýaşlaryň maslahatyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen gelen COP26-nyň Ýewropada, Merkezi Aziýada, Türkiýede we Eýranda sebitleýin Ilçisi Dewid Moran bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygy ugurlarynda netijeli halkara we sebit hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdyla...

DOWAMY