SOŇKY HABARLAR
ABŞ-da türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi
2025-nji ýylyň 20-nji awgustynda Waşingtonda Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda her ýyl geçirilýän ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň on birinji tapgyry geçirildi. Geňeşmeleriň dowamynda türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, amerikan tarapyna ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisiniň orunbasary Jon Mark Pommerşaým ýolbaşçylyk etdiler. Duşuşykda taraplar türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýag...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň duşuşygy
2025-nji ýylyň 20-nji awgustynda Waşingtonda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary Marko Rubionyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän halkara meselelere garaldy. Taraplar ikitaraplaýyn derejede we halkara guramalarynda bilelikdäki işiň çäginde sy...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2025-nji ýylyň 11-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Prezident Ilham Aliýew mähirli salamlaşyp, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, dostlukly ýurduň Prezidenti Milli Liderimiziň ýakynd...
LLDC-iň üçünji maslahatynyň tamamlanmagynyň çäklerinde baýdak düşürmek dabarasy geçirildi
2025-nji ýylyň 8-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň öz işini tamamlamagy mynasybetli baýdak düşürmek dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň we BMG-niň resmi wekiliýetleriniň agzalary gatnaşdylar. Baýdaklaryň dabaraly ýagdaýda düşürilmegi Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan geçirilen möhüm çäreleriň resmi taýdan tamamlanandygyny we onuň ählumumy ähmiýetliligini alamatla...
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemlerine bagyşlanan ýörite brifing geçirildi
Köp sanly türkmen we daşary ýurt žurnalistleriniň gatnaşmagynda 2025-nji ýylyň 8-nji awgustynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemlerine bagyşlanan ýörite brifing geçirildi Ozal habar berlişi ýaly, 5-8-nji awgust aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen ýokary derejeli halkara foruma döwlet we hökümet Baştutanlary, 100-den gowrak ýurtdan, 50-ä golaý halkara guramadan ýokary wezipeli adamlar, iri kompaniýalaryň 20-den agdygyn...
BMG-niň wekilçilikli forumy öz işini tamamlady
2025-nji ýylyň 8-nji awgustynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemleýji plenar mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine DÇBÖBD-niň, halkara guramalaryň ýokary wezipeli wekilleri, hususy pudagyň we raýat jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar. Onuň dowamynda halkara maslahatyň çäklerinde geçirilen forumlaryň hem-de ýokary derejeli “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikleriň netijeleri barada hasabatlar diňlenildi, Awaza syýasy Ja...
Awazada DÖM-na ýetmek üçin parahatçylyk, ynanyşmak we inklýuziw dolandyryş meseleleri boýunça ugurdaş çäre geçirildi
2025-nji ýylyň 7-nji awgustynda BMG-nyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşiň bähbidine parahatçylykly we inklýuziw jemgyýeti gurmaga ýardam edýän Durnukly ösüş maksatlarynyň 16-njy maksadyny durmuşa geçirmäge itergi bermek” atly ýokary derejeli ugurdaş çäre geçirildi. Çäräni, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi BMG-nyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkezi bilen...