SOŇKY HABARLAR
BILDIRIŞ
Türkmen ilinde Gurban baýramy mukaddes baýram hasaplanylýar. Ruhy tämizligiň, arassa ahlagyň hem-de agzybirligiň ajaýyp pursatlaryny özünde jemleýän bu baýram uly ruhubelentlik bilen bellenilýär. Şu günler howanyň düzümindäki ynsan saglygyna zyýan ýetirýän tozan bölejikleriniň kadadan artmagy sebäpli, agyz-burun örtüklerini ulanmagy, 2 metr howpsuz araçägi saklamagy hem-de Gurban baýramynyň bellenilýän günlerinde köpçülikleýin çäreleri çäklendirip, bu baýramy her kimiň öz öýünde geçirmegini m...
TÜRKMENISTANYŇ BANK ULGAMY KÄMILLEŞDIRILÝÄR
Şu ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow önümçilik işlerine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň häzirki wagtda ähli pudaklaryň ýolbaşçylary üçin esasy wezipedigini belledi. Halk hojalyk toplumyny sanly ulgama geçirmegiň tapgyrlary hakynda gürrüň berýän ozalky makalamyzda şu güne çenli Türkmenistanda kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň kämilleşdirilip, sanly ykdysadyýete geçmek üçin zerur düzümiň we şe...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WE BAHREÝNIŇ PATYŞASY TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIKDE HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Türkmenistanyň Prezidenti we Bahreýniň Patyşasy birek-birege mähirli sözleri aýdyp, döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary boýunça ikiçäk söhbetdeşlikde pikir alyşmak, şeýle hem halkara syýasatyň käbir meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige hoşallyk bildirdiler. Hormatly Prezidentimiz Bahreýniň...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN BAE-NIŇ WISE-PREZIDENTINIŇ ARASYNDAKY TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaý Emirliginiň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Hormatly Prezidentimiz Dubaýyň häkimi bilen doganlarça salamlaşyp, ony, BAE-niň dostlukly halkyny yslam dünýäsiniň mukaddes baýramy bolan Gurban baýramy (Id al-adha) bilen gutlady. Milli Liderimiz ýokary ahlak gymmatlygyny, ruhy tämizligi we ynsanperwerligi özünd...
TÜRKMEN LIDERI WE ABU-DABINIŇ MIRASDÜŞER ŞAZADASY TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIKDE ÖZARA GATNAŞYKLARYŇ ILERI TUTULÝAN MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz we Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, mukaddes Gurban baýramy (Id al-adha) bilen gutladylar hem-de iki ýurduň dostlukly halklaryna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler. Ynsanperwer...
EKSPORTA GÖNÜKDIRME WE TELEKEÇILIK-ŞEREKETI: MÄŞ ÖNÜMÇILIGI
Dänekösükli ekinleri ýetişdirýän hojalyklarda ekiş möwsümi tamamlandy. Şu ýyl ekarançylar ilkinji gezek 12 müň gektar ýere mäş (mungo kösügini) ekdiler. Bu geçen ýyllardakydan birnäçe esse köpdür. Sentýabr aýynyň ikinji ýarymynda şonça meýdandan azyndan 10 müň tonna mäş almak göz öňünde tutulýar. Hasylyň aglaba bölegi (9 müň tonna golaýy) Hytaýa, Koreýa, Ýaponiýa we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryna eksport ediler. Mäş Hindistandan dünýä ýaýran iň gadymy kösükli ekin hasaplanylýar. Ýaşyl k...
MÖHÜM MARKETING: «TÄÇ HIL» SÖWDA NYŞANLY SANITAÝZERLER
?Täç hil» hususy kärhanasy antibakterial serişdeleriň we zyýansyzlandyryjy erginleriň (sanitaýzerleriň), şol sanda üzärlik tohumynyň esasynda ýasalan şeýle serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdyrdy. Häzirki günlerde arassaçylyk-zyýansyzlandyryjy serişdeleriň wajyplygyny göz öňünde tutup, biz «Täç hil» kärhanasynyň öndürýän önüminiň şu görnüşiniň düzümi bilen gyzyklandyk. «Täç hil» HK-nyň marketing boýunça menejeri Säher Aşyrowyň aýtmagyna görä, şeýle serişdeleriň düzüminde spirt we gliserin ba...