SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisine we “Merkezi Aziýa – Russiýa” formatyndaky duşuşyga gatnaşdy
2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Almaty şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Çärä Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitet...
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Bütindünýä söwda guramasynyň Baş direktory bilen duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň 9-njy aprelinde Ženewa amala aşyrylan saparyň çäginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BSG-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini, şol sanda Türkmenistanyň bu gurama goşulmagy bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. BSG-nyň Baş direktory Türkmenistanyň durmu...
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Parlamentara bileleşigiň 150-nji ýubileý Assambleýasyna gatnaşdy
2025-nji ýylyň 5-7-nji apreli aralygynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Daşkent şäherinde geçirilen Parlamentara bileleşigiň 150-nji ýubileý Assambleýasyna gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynda saparda boldy. Saparyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Parlamentara bileleşigiň Assambleýasyna gatnaşmak üçin Daşkent şäherine gelen Merkezi Aziýa döwletleriniň parlament ýolbaşçylaryny kabul...
Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň 71-nji mejlisine gatnaşmagyň çäginde birnäçe duşuşyklary geçirdi
2025-nji ýylyň 8-nji aprelinde BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) 71-nji mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Hojamyrat Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti UNECE-iň Ýerine ýetiriji sekretary Tatýana Molçan bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Durnukly ösüş, söwda, daşky gurşaw, ulag we energetika ugurlaryndaky özara gatnaşyklary...
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşdy
2025-nji ýylyň 5-nji aprelinde Prezident Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşdy. Merkezi Aziýa döwletleri bilen ÝB-niň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen şu gezekki sammitiň gün tertibine söwda-ykdysady, maýa goýum gatnaşyklaryny berkitmek, “ýaşyl” energetikany, “ýaşyl” ykdysadyýeti ilerletmek, ulag we sanly aragatnaşygy gowulandyrmak, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek bilen baglanyşykly meseleler gir...
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Hyrat şäherinde futzal ýaryşy geçirildi
2025-nji ýylyň 4-nji aprelinde 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Owganystanyň Hyrat şäherinde sportuň futzal görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Bu sport çäresine türkmen diasporasynyň wekilleri, şeýle hem Hyrat welaýatynda akkreditlenen Eýran Yslam Respublikasynyň, Päkistan Yslam Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň Baş konsullyklarynyň we BMG-nyň Owganystana ýardam bermek boýunça mi...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 3-nji aprelinde “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Iki goňşy döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Prezident Serdar Be...