SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN BILEN ÝAPONIÝANYŇ HALKARA HYZMATDAŞLYK BANKYNYŇ ARASYNDA SANLY WIDEO ARAGATNAŞYK ARKALY DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň binasynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň arasynda sanly wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde nebit-gaz we himiýa pudaklaryndaky özara bähbitli hyzmatdaşlyk bilen bagly köp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Oba we suw hojalygy pudaklarynda öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak we ýapon hyzmatdaşlarynyň sil akymlarynyň öňüni almak we olary ilatly ýerlerd...
BMG-NIŇ HALKARA RESMINAMALARYNA GOŞULYŞMAK BOÝUNÇA IŞ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda BMG-niň birnäçe halkara resminamalaryna goşulmak boýunça iş duşuşygy geçirildi. Mejlis Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde geçirildi. Duşuşyga şeýle-de ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler, Adalat, Gurluşyk we binagärlik, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň hem-de beýleki pudaklaýyn edaralarynyň wekille...
TÜRKMENISTANYŇ ÖZBEGISTANDAKY ILÇIHANASY BITARAPLYGYŇ 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI TELEKÖPRI ARKALY TEGELEK STOL GEÇIRDI
2020-nji ýylyň 21-nji aprelinde Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda ýurdymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Ürgenç döwlet uniwersiteti bilen teleköpri arkaly tegelek stol duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Ilçihananyň işgärleri, Ürgenç döwlet uniwesitetiniň ýolbaşçylary, ylmy işgärleri, mugallymlary we türkmenistanly talyplary gatnaşdylar. Mundan başga-da, çäräniň dowamynda Ilçi şu ýylyň 11-12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek «Bitarap...
BMG-NIŇ WE TÜRKMENISTANYŇ PUDAK EDARALARYNYŇ WEKILLERINIŇ ÖZARAHEREKETLERIŇ DERWAÝYS MESELELERI BOÝUNÇA DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 21-nji aprelinde BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda aýratyn howply ýokanç keseliň ýaýramagy sebäpli ýüze çykyp biljek durmuş-ykdysady täsiri peseltmek boýunça Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG-niň arasyndaky Bilelikdäki Iş toparynyň ilkinji duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň biziň ýurdumyzda işleýän düzüm birlikleriniň wekilleri, şeýle-de Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşa...
TÜRKMENISTANYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ WE DERMAN SENAGATY MINISTRLIGINDE AÝRATYN HOWPLY ÝOKANÇ KESELLERIŇ ÝAÝRAMAGYNA GARŞY GÖREŞMEK BOÝUNÇA TÜRKMENISTANYŇ MILLI MEÝILNAMASYNY DÜZMEK BABATDA IŞ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 21-nji aprelinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň binasynda aýratyn howply ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça Türkmenistanyň Milli meýilnamasyny düzmek babatda iş duşuşygy geçirildi. Duşuşyga ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Türkmenistandaky wekil...
YKDYSADY HYZMATDAŞLYK WE ÖSÜŞ GURAMASYNYŇ WEKILLERI BILEN ONLAÝN GÖRNÜŞINDE DUŞUŞYK
Şu gün, 2020-nji ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň DIM-de Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň Global aragatnaşyklar sekretariatynyň Ýewraziýa müdiriýetiniň başlygy William Tompsonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, şol sand...
HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNDATÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN SPORT ÇÄRELERI GEÇDI
2020-nji ýylyň 19-njy aprelinde Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan distansion sport çäreleri gurnaldy. Çärelere HHR-nyň dürli welaýatlarynyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen talyplary, Ilçihananyň işgärleri we olaryň maşgala agzalary gatnaşdylar. Çäreler sportuň welosipedli ýöriş, ylgaw ýaryşlary, badminton, woleýbol, küşt, futbol, basketbol, stol üstündäki tenis, bilýard we başga-da dürli...