SOŇKY HABARLAR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri bilen duşuşygy
2024-nji ýylyň 3-nji dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystanyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz hem-de Saud Arabystanynyň Hökümetiniň Başlygy döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirip, öza...
Türkmen-eýran gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 28-nji mejlisine gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Seýed Abbas Aragçi bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ýokarky derejede ozalky geçirilen çäreleriň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüz...
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary telefon arkaly söhbetdeş boldular
2024-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Russiýa tarapynyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar türkmen-rus gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar, hususan-da özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegine garadylar. Ministrler Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky özara gatnaşyklary...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Halkara awtomobil ulaglary bileleşiginiň baş sekretary bilen duşuşdy
2024-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen iş sapary bilen gelen Halkara awtomobil ulaglary bileleşiginiň (IRU) baş sekretary Umberto de Prettonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar şu gün Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli öz işine başlan «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» (ITTC-2024) atly iki günlük halkara maslahatyň we serginiň ähmiýetini bellediler. Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Halkara...
HHR-iň DIM-iň Owganystanyň işleri boýunça ýörite wekili bilen duşuşyk
2024-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Owganystanyň işleri boýunça ýörite wekili Ýue Sýaoýunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda amala aşyrylýan strategiki döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, ozal gazany...
Mary welaýatynyň häkiminiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Hyrat welaýatyna sapary
2024-nji ýylyň 19-21-nji noýabry aralygynda Mary welaýatynyň häkimi Begençmyrat Orazowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Hyrat welaýatynda saparda boldy. Wekiliýetiň Hyrat welaýatyna iş saparynyň çäklerinde welaýatyň häkimi Nur Ahmad Islamjar, Badhyz welaýatynyň häkimi Abdul Samad Jawyd hem-de degişli döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyklaryň barşynda iki doganlyk ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Owgan ta...
Ýurdumyzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
2024-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Çärä Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ugurdaş edaralarynyň, daşary döwletleriň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýurdumyzyň döredijilik işgärleri gatnaşdylar. Medeniýet günleriniň açylyş dabarasynyň çäklerinde Mukamlar köşgüniň eýwanyn...