img
TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLUGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - HYRAT
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
30 Ýan

AŞGABATDA YHÖG-NYŇ BAHA BERMESINIŇ ÇÄKLERINDE ESASY NETIJELERIŇ ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLMAGY BOÝUNÇA IKINJI IŞ MASLAHATY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (YHÖG) «Merkezi Aziýa ýurtlarynda telekeçiligiň hukuk gurşawynyň kämilleşdirilmegi: Türkmenistan» baha bermesiniň çäklerinde degişli netijeleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça ikinji iş maslahaty geçirildi. Çärä türkmen tarapyndan ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň weki...

DOWAMY
pic
30 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE HAZAR DEŇZINDE GÖZLEG WE HALAS EDIŞ IŞLERINI GEÇIRMEK HAKYNDAKY YLALAŞYGYŇ TASLAMASYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞMAK BOÝUNÇA DUŞUŞYK ÖZ IŞINE BAŞLADY

2020-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň Hazar deňzinde gözleg we halas ediş işlerini geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça ikinji mejlisi öz işine başlady. Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň bilermenleri, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligin...

DOWAMY
pic
29 Ýan

IZMIR MILLI KITAPHANASYNDA TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI YLMY MASLAHAT WE DABARALY ÇÄRE GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Türkmеnistаnyň Türkiýe Rеspublikаsyndаky Ilçihаnаsy (Аnkаrа ş.) wе Bаş kоnsullugy (Stаmbul ş.) tаrаpyndаn Izmir şäheriniň Konak etrap häkimligi bilеn bilеlikdе Izmir milli kitaphanasynyň edаrа binаsyndа Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy hem-de 2020-nji “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýyly mynasybetli hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan we halkymyza sowgat edilen “Paýhas çeşmesi”, “Parahatçylyk sazy, dostluk doganl...

DOWAMY
pic
29 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI KONSTITUSION TOPARYŇ NOBATDAKY MEJLISINI GEÇIRDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen baglanyşykly teklipleri işläp taýýarlamak we umumylaşdyrmak boýunça geçen ýylyň güýzünde Halk Maslahatynda kabul edilen çözgüt esasynda döredilen Konstitusion toparyň nobatdaky mejlisini geçirdi. Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen taryhy mejlisinde konstitusion özgertmel...

DOWAMY
pic
29 Ýan

TÜRKMENISTANDA DEŇIZDE ÝÜZÜŞ ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYGYŇ GELJEGI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu gün paýtagtymyzda Hazar deňzinde ýüzüşiň howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Teswirnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň altynjy duşuşygy tamamlandy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen, bu çäre Daşary işler ministrligi, Hazar deňzi instituty hem-de Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi tarapyndan guralyp, oňa Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagys...

DOWAMY
pic
29 Ýan

SÖWDA WE BAZAR ULGAMYNDA ÝOKARY TEHNOLOGIÝALAR

Şu gün Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde bu edara bilen Şweýsariýanyň «SIÑPA SA» kompaniýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Bu kompaniýa goralan nyşanlar bilen belgilemek ulgamynda dünýäde öňdebaryjy kompaniýadyr. Resminama Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge ýardam bermäge gönükdirilendir. Bu bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ileri tutulýan wezipe hökmünde kesgitle...

DOWAMY
pic
29 Ýan

ÝUNISEF TÜRKMENISTANYŇ ÇAGALAR BABATDAKY SYÝASATYNY GOLDAÝAR

Şu gün Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda Türkmenistan bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) arasynda 2021 — 2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Ýurt boýunça maksatnamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça geňeşme duşuşygy geçirildi.   Bu çärä BMG-niň ýurdumyzdaky Çagalar gaznasynyň ýolbaşçysy hanym Kristina Weýgand, Milli Parlamentiň, dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şeýle hem ýaşlar gatnaşd...

DOWAMY