RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
28 Sen

Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda çykyş etdi

2024-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň umumy mejlisinde çykyş etdi. Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy öz çykyşynda ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi gazanmakda halkara jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmegiň zerurdygyny belledi. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen strategiki köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigi nygtaldy. Parahatçylyk we...

DOWAMY
pic
25 Sen

Türkmenistanyň täze raýatlaryna pasportlary gowşurmak dabarasy geçirildi

2024-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Döwlet migrasiýa gullugynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanda işleýän halkara guramalaryň we daşary ýurt KHBS-iň, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Ählihalk baýramyna – Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününe gabatlanan bu şanly waka ýurdumyzyň ýokary ynsanperwer däplerine we adamkärçilik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygynyň nobatdaky aýdyň beý...

DOWAMY
pic
25 Sen

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi

2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen umumymilli forumyň gün tertibine döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri girizildi. Bu taryhy mejlise Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine girýän döwlet häkimiýet edara...

DOWAMY
pic
23 Sen

«Magtymguly» kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

2024-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Baş konsullykda Owganystanda ýaşaýan türkmen diasporasynyň abraýly wekilleriniň, Hyrat welaýatynyň Maglumatlar we medeniýet müdirliginiň hem-de Hyrat welaýatynyň döwlet uniwersitetiniň  mugallymlarynyň gatnaşmaklarynda Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň ýygyndysy «Magtymguly» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärede çykyş edenler dünýä gymmatlyklaryna uly goşant goşan şahyr Magtymguly Pyragynyň ýubileý toýynyň halkara derejede bellenýändig...

DOWAMY
pic
18 Sen

Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa – Germaniýa» formatyndaky ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

2024-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Germaniýa» formatyndaky ýokary derejeli ikinji duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Astana şäherinde Türkmenistanyň Prezidentini Gazagystanyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar. Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinden Prezident Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni ýokary derejeli duşuşygyň...

DOWAMY
pic
16 Sen

Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna agza bolmagynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-iň binasynda Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) agza bolmak departamentiniň direktory Maika Oşikawanyň ýolbaşçylygyndaky BSG-niň wekiliýetiniň agzalarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň BSG-ä agza bolmagy bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşler Türkmenistanyň BSG-ä agza bolm...

DOWAMY
pic
15 Sen

Türkmenistanyň we Yrak Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

2024-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Yrak Respublikasynyň Daşary işler ministri Fuad Huseýniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky türkmen-yrak gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar. Iň ýokary we ýokary derejelerdäki ikitaraplaýyn s...

DOWAMY