SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANDA BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI BELLENILIP GEÇILDI
2019-njy ýylyň 3-nji iýunynda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasy bilen döredilen Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi. Türkmenistan bilen bir hatarda Bütindünýä welosiped güni dünýäniň köpsanly ýurtlarynda hem bellenilip geçildi. Baýramçylyk mynasybetli türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş...
OLEG KONONENKO TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINI GUTLADY
Lýotçik-kosmonawt Oleg Kononenko Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Bütindünýä welosiped güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Kosmonawt öz gutlagynda “Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2018-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan esaslandyrylan Bütindünýä welosiped güni Siziň ýolbaşçylygyňyzda sagdyn durmuş ýörelgesini giňden ornaşdyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatynyň aýdyň ykrar edilmegi boldy”...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRINI KABUL ETDI
2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri A.N.Aripow Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kabul edildi. Ýokary derejeli myhman Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak maksady bilen Aşgabat şäherine geldi. Ikitaraplabýyn gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlarynda mundan beýläk hem özarahereketleriniň giňeldilmegi boýunça pikirler alyşyldy....
AŞGABATDA GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGYNYŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Bu mejlise gatnaşmak maksady bilen GDA-nyň gatnaşyjy-döwletlerinden köpsanly ýokary derejeli wekiliýetler Türkmenistana geldiler. Gatnaşyjylaryň arasynda Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri N.Mamedow, Ermenistan Respublikasynyň Wise-premýer-ministri M.Grigorýan, Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri S.Rumas, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri...
BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASY TARAPYNDAN «BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ WE ARALY HALAS ETMEGIŇ HALKARA GAZNASYNYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYK» ATLY REZOLÝUSIÝANYŇ KABUL EDILMEGI BOÝUNÇA BRIFING
2019-njy ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly rezolýusiýanyň kabul edilmegine bagyşlanan brifing geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň wekilleri, Türkmenistanda akkredi...
AŞGABATDA GDA-NYŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILÝÄR
2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Aşgabatda Türkmenistanyň şu ýyl GDA başlyklyk etmeginiň çäklerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler. Bu çärä gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza GDA gatnaşyjy-ýurtlaryndan wekilçilikli wekiliýetler gelerler. Bu mejlisiň işiniň dowamynda 30-njy we 31-nji maýda wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşyklary geçirmegi meýilleşdirilýär. Mejlisiň dowamynda GDA gatnaşyjy-döwlet...
PRESS-RELIZ
2019-njy ýylyň 28-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda, Nýu-ýork ş., ABŞ-da Guramanyň agza-döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň gatnaşmagynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 85-nji plenar mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi. 21 sany döwlet bu rezolýusiýanyň awtordaşy bolup çykyş et...