SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanda X Halkara gaz kongresi geçirilýär
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresi (TGС — 2019) öz işine başlady. Energetika pudagyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine täze itergi bermek maksady bilen, ýurdumyzda däp boýunça geçirilýän iri ýöriteleşdirilen forumy «Türkmengaz» döwlet konserni gurady. Ençeme ýyllaryň dowamynda kongres dünýäniň gaz senagatynyň ýagdaýyny hem-de geljekki ösüşini ara alyp maslahatlaşmak üçin esasy çäre bolup hyzmat edýär. Bu iri möçberli çäräniň ýokary derej...
TÜRKMENISTAN WE ÝHHG KÖP UGURLY HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMÄGE YGRARLY
2019-njy ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň häzirki başlygy we Slowakiýa Respublikasynyň Daşary we Ýewropa işleri boýunça ministri Miroslaw Laýçagyň ýolbaşçylygyndaky ÝHHG-nyň wekiliýeti bilen duşuşuk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, ykdysady-ekologik we ynsanperwer ugurlar boýunça Türkmenistan bilen ÝHHG-nyň arasyndaky köp ýyllyk oňyn häsiýetli hyzmatdaşlygy kanagtlanma bilen bellediler. ...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ HALKARA GURAMALARYŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN PARIŽDE BOLAN DUŞUŞYKLARY
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti 2019-njy ýylyň 20-21-nji maý aralygynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň (YHÖG) ýolbaşçylygynyň çakylygy boýunça Parižde iş saparynda boldy. Duşuşygyň dowamynda türkmen wekiliýeti Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň Baş direktory Anhel Guriýa tarapyndan kabul edildi, şeýle-de bu guramanyň beýleki ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar guraldy. Duşuşyklaryň barşynda taraplar ýurdumyz bilen b...
WENGRIÝANYŇ DAŞARY IŞLER WE DAŞARY SÖWDA MINISTRI PETER SIÝARTONYŇ AŞGABADA IŞ SAPARY
Wengriýanyň Daşary işler we daşary söwda ministri Peter Siýarto Türkmenistanyň DIM-de geçirilen duşuşykdan soňra žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi: - Siz şu gün Türkmenistanyň Prezidenti bilen gepleşikleri geçirdiňiz, haýsy ugurlara aýratyn üns berildi? Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýagdaýyna Siz nähili baha berýärsiňiz? - Wengriýa Merkezi Aziýany, has takygy Türkmenistany ýewropa howpsuzlygy nukdaýnazaryndan sebitiň örän wajyp ýurtlarynyň biri hökmünde kabul edýär. tür...
AŞGABATDA ÝHHG-NIŇ SEBITLEÝIN OKUW MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY
2019-njy ýylyň 20-nji maýynda Aşgabatda ÝHHG-niň «Sebitleýin ykdady özarabaglanşyklylyk ýolunda – söwda we ulag ulgamynda ýardam etmegiň milli gurallary» atly sebitleýin okuw maslahaty öz işine başlady. Türkmen tarapynyň ýardam bermeginde ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi bilen gurnalan okuw sapagyna ÝHHG-niň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Mundan başga-da, okuw sapagyna Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň wekilleri,...
AŞGABAT WE BUDAPEŞT DÜRLI UGURLAR BOÝUNÇA HYZMATDAŞLYKLARYNY IŞJEŇLEŞDIRMEGI GÖZ ÖŇÜNDE TUTÝARLAR
2019-njy ýylyň 20-nji maýynda Wengriýanyň Daşary işler we daşary söwda ministri Peter Siýarto Aşgabada iş sapary bilen geldi. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň wenger egindeşi bilen gepleşikleri geçirdi. Gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Wengriýanyň abraýly halkara guramalarynyň çäklerindäki köpugurly we sebitleýin hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem syýasy, söwda-ykdysady we medeni-yn...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI ASEAN-DA AKKREDITIRLENDI
2019-njy ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi M.Maşalow Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň Assosiasiýasynyň (ASEAN) Baş sekretary Lim Joek Hoý-a özüniň ýurduň bu guramadaky wekili hökmünde bellenmegi baradaky Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň hatyny gowşurdy. Hat gowşurylandan soňra Ilçi we Baş sekretar ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdiler. Onuň dowamynda Baş sekretar Lim Joek Hoý Türkmenistan bilen ASEAN-yň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen...