RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
8 Maý

ALTYN ASYR KÖLI – SEBIT ÜÇIN TÄZE MÜMKINÇILIKLER

2019-njy ýylyň 8-nji maýynda Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda täze durmuş-önümçilik toplumynyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli guralan çäreleriň çäklerinde brifing geçirildi. Bu çäre «Altyn Asyr» Türkmen kölüni jemgyýetçilige tanatmak, onuň tebigaty goramak we Türkmenistanyň hem-de tutuş sebitiň durmuş-ykdysady ulgamyny ösdürmekdäki ähmiýetini giňişleýin açyp görkezmek maksady bilen guraldy. Brifinge ýokary derejeli daşary ýurtly myhmanlar, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik gullugyň...

DOWAMY
pic
8 Maý

TÜRKMEN KÖLÜNIŇ GOLAÝYNDA TÄZE DURMUŞ-ÖNÜMÇILIK TOPLUMYNYŇ DÜÝBÜNI TUTMAK DABARASY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 8-nji maýynda Türkmenistanda durmuş-ykdysady ösüşiniň ýolunda ýene-de bir möhüm ädim ädildi. Bu «Altyn Asyr» Türkmen kölüniň golaýynda täze durmuş-önümçilik toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy bolup durýandyr. Bu dabaraly çärä Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Döwlet Baştutany ýadygärlik ýazgysyny goýdy. Ýazgy kapsula ýerleşdirildi we ol täze toplumyň desgalarynyň biriniň binýadyna goýuldy. Şeýle hem bu çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy we wek...

DOWAMY
pic
8 Maý

TÜRKMENISTANYŇ RUMYNIÝADAKY ILÇIHANASY BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNYŇ GEÇIRILMEGINE BAGYŞLANAN TEGELEK STOL GEÇIRDI

2019-njy ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy Buharestiň Ykdysady ylymlar akademiýasy bilen bilelikde bu ýokary okuw jaýynda 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan “Hazar deňzi sebitindäki häzirki ykdysady wehimler we mümkinçilikler – türkmen tejribesi” atly tegelek stol gurnady.    Bu çärä Akademiýanyň ýolbaşçylary, halkara işewürlik we ykdysadyýet fakultetiniň hem-de beýleki fakultetle...

DOWAMY
pic
7 Maý

AŞGABATDA ÝOKARY DEREJELI TÜRKMEN-RUS GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 7-nji maýynda Aşgabatda ýokary derejeli türkmen-rus gepleşikleri geçirildi, olara gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary – Hökümetiň Diwanynyň ýolbaşçysy K.A.Çuýçenko tarapyndan başlyklyk edilýän wekiliýet ýurdumyza geldi. Günüň birinji ýarymynda myhman Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda türkmen-rus gatnaşyklaryna...

DOWAMY
pic
7 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARYNY KABUL ETDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary — RF-iň Hökümetiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Konstantin Çuýçenkony hem-de Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasary — stats-sekretary Grigoriý Karasini kabul etdi. Myhmanlar wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize Russiýa Federas...

DOWAMY
pic
7 Maý

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Gyrgyz Respublikasynyň Senagat, energetika we ýerasty baýlyklardan peýdalanmak baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary, Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň gyrgyz böleginiň başlygy Žyrgalbek Sagynbaýewiň ýolbaşçylygyndaky Gyrgyz Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady, maýa goýum we meden...

DOWAMY
pic
7 Maý

TÜRKMENISTANYŇ DANIÝADAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY

2019-njy ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi T.Ataýew Kopengagen şäherindäki Amaliýenborg köşgünde Daniýa Patyşalygynyň Şa Zenany Margrete II özüniň şol bir wagtda Türkmenistanyň Daniýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Berlin şäheri) hökmünde ynanç hatlaryny gowşurdy. Geçirilen kabul edişligiň dowamynda Türkmenistanyň Ilçisi Daniýanyň Şa Zenanyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbangu...

DOWAMY