SOŇKY HABARLAR
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW TÄZE ÝYL GUTLAGLARYNY KABUL ETDI
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow nurana, şatlykly we hemmeler tarapyndan söýülýän Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzüminden gutlaglary kabul etdi. Ýygnananlar — Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary döwlet Baştutanymyzy ýetip gelýän, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen “Türkmenistan –rowaçlygyň Watany” şygary astynda geçjek 2019-njy ýyl bilen tüýs ýürekden...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Täze ýyl baýramynyň öň ýanyndaky iň soňky mejlisini geçirdi. Onda 2018-nji ýylyň deslapky jemleri jemlenildi. Milli Liderimiz ýygnananlara ýüzlenip, şu ýyl Ministrler Kabinetiniň mejlisleriniň 51-siniň hem-de dürli döwlet ýygnaklarynyň 41-siniň geçirilendigini aýtdy. Daşary syýasat işleri bilen baglylykda, daşary ýurtlara saparlaryň 10-sy hem-de beýleki döwletleriň we hökümetleriň baştutanlarynyň ýurdumyza saparla...
TÜRKMEN DIPLOMATIÝASYNYŇ MÖHÜM UGURLARY BOÝUNÇA OKUW MERKEZI AÇYLDY
Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bu ýokary okuw mekdebiniň döredilmeginiň 10 ýyllygyna we ýurdumyzyň diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça Okuw merkeziniň açylmagyna bagyşlanan maslahat geçirildi. Täze merkeziň döredilmegi baradaky başlangyç hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan 20-nji dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde öňe sürüldi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň daşary syýasaty bin...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Iki ýurduň Liderleri birek-biregi ýetip gelýän Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, emele gelen gatnaşyklaryň, türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň okgunly häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga özara gyzyklanmany tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, ýokary we hökümetara derejedäki yzygiderli gatnaşyklaryň ýola...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, birek-biregi ýetip gelýän täze, 2019-njy ýyl bilen gutladylar we berk jan saglyk, ähli başlangyçlarynda hem-de türkmen we özbek halklarynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan bilelikdäki işinde uly üstünlikleri arzuw etdiler. Prezidentler şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulý...
SEÝDINIŇ NEBITI GAÝTADAN IŞLEÝÄN ZAWODY ÝYLLYK TABŞYRYGY ARTYGY BILEN ÝERINE ÝETIRDI
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody 2018-nji ýyly nebit önümleriniň nobatdaky tapgyryny eksporta ugratmak bilen jemleýär. Nebit önümlerini öndürmegiň ýyllyk tabşyrygy artygy bilen ýerine ýetirilip, olaryň aglaba bölegi eksporta iberildi. Ýylyň dowamynda bu ýerde ýarym million tonnadan gowrak awtomobil benzini, dizel ýangyjy, mazut we ýol bitumy öndürildi. Giç nebitiň we gaz kondensatynyň gaýtadan işlenilmegi netijesinde ýokary hilli nebit önümleri alyndy. Baryp geçen asyryň 90-njy ýyllar...
“LEBAP” TOPARY FUTBOL BOÝUNÇA ÝETGINJEKLERIŇ ARASYNDA TÜRKMENISTANYŇ ÇEMPIONY BOLDY
Paýtagtymyzyň Gökje ýaşaýyş jaý toplumynyň stadionynda 2002-nji ýylda doglan ýetginjekleriň arasynda milli birinjiligiň final oýny geçirildi. Onda “Lebap” futbol kluby çempion adyna mynasyp boldy. Gündogar welaýatyň türgenleri ýurdumyzyň sebitlerine we Aşgabat şäherine wekilçilik edýän ýedi toparyň arasyndan saýlanmagy başardy. Bijä görä “A” toparda Türkmenbaşy şäheriniň “Şagadam 2”, Ýaş olimpiýaçylar çagalar-ýetginjekler sport mekdebiniň “ÝaOÇÝeSM”, Futbol sport mekdebiniň “FSM” we Ahal wela...